Final ugrundaky jogap duşuşygy: PSŽ – Arsenal

2025-nji ýylyň 7-nji maýynda Parižiň “Parc des Princes” stadionynda PSŽ bilen “Arsenal” toparlarynyň arasynda Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap oýny geçiriler.
Ilkinji oýun Londonda bolupdy we PSŽ 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy. Bu oýunda goly Usman Dembele geçirdi. “Arsenal” birnäçe howply pursatlary döretse-de, PSŽ-niň derwezebany Janluiçi Donnarumma olaryň gol geçirmegine ýol bermedi.
Jogap duşuşygynda “Arsenala” ýeňmek üçin azyndan bir gol geçirmek gerek. Tälimçi Mikel Arteta toparynyň taýýardygyny aýtdy. Oýunda Martin Ödegard, Bukayo Saka we Deklan Rais ýaly oýunçylar çykyş eder.
PSŽ topary hem bu oýna doly taýýar. Tälimçi Luis Enrike toparyna ynanýar. Aşraf Hakimi, Usman Dembele we Witinha ýaly oýunçylar toparyň esasy düzüminde çykyş ederler.
Bu oýnuň ýeňijisi 31-nji maýda Mýunhen şäherinde “Inter” bilen finalda duşuşar. Şonuň üçin bu duşuşyk örän möhüm we iki topar hem ýeňiş üçin ähli güýjüni sarp eder.
Futbol janköýerleriniň dykgatyna: oýun ýerli wagt bilen ýary gije 00:00-da bolar. Duşuşyga Älem TV operatorynyň Persiana Sport teleýaýlymynyň üsti bilen ýokary hilde tomaşa edip bilersiňiz.
Amulinfo web saýtymyza abuna bolmagy ýatdan çykarmaň.