GeForce RTX wideo kartalaryny häzirki zaman MacBook Pro kompýuterlerine baglamak mümkin boldy

Okt 21, 2025 - 18:54
GeForce RTX wideo kartalaryny häzirki zaman MacBook Pro kompýuterlerine baglamak mümkin boldy
Surat:X (TinyCorp)

MacBook Pro ulanyjylary üçin köp ýyllap mümkin bolmadyk zat — daşarky wideo kartany baglap, kompýuteriň kuwwatyny artdyrmak — indi hakykata öwrülýär. Emma bu täzelik oýunçylar üçin däl-de, has köp hasaplama işlerine niýetlenendir.

Amerikanyň “TinyCorp” atly kiçi tehnologiýa kompaniýasy häzirki zaman Apple Silicon prosessorly MacBook Pro modellerine GeForce RTX 30-, 40- we 50-seriýaly wideo kartalary baglamak üçin ýörite goşundyny (driver) döretdi. Bu mümkinçilik USB4/Thunderbolt 4 portlary arkaly amala aşyrylýar.

Mundan ozal “TinyCorp” AMD wideo kartalaryny MacBook bilen işledip görüpdi. Indi bolsa kompaniýa şol tejribesini giňeldip, “Nvidia RTX” hataryna çenli ýetirdi. Bu täzelik bilen Apple kompaniýasynyň öň ýapyk bolan ulgamyna täze ýol açylýar.

Ýöne käbir çäklendirmeler hem bar. Täze çözgüt oýun oýnamak üçin däl, hasaplaýyş güýjüni artdyrmak üçin niýetlenendir. Daşarky wideo karta monitora surat çykaryp bilmeýär. Ol diňe emeli intellekt modeli türgenleşdirmek, wideo montaž, grafiki hasaplamalar ýaly agyr kompýuter işlerinde peýdalanylýar.

Şonuň üçin häzirki wagtda RTX 5090 wideo kartasyny MacBook Pro bilen baglap, oýnuňy ýokary sazlamalarda oýnamak mümkin däl. Ýöne ylmy barlagçylar, inženerler we AI (emeli intellekt) bilen işleýän hünärmenler üçin bu çözgüt uly ädim bolup durýar.

Apple kompaniýasy bu meselede resmi düşündiriş bermedi. Şeýle-de bolsa, “TinyCorp” tarapyndan döredilen bu çözgüt Apple Silicon ulgamlarynyň mümkinçilikleriniň diňe kompaniýanyň çäkleri bilen çäklenmeýändigini görkezýär.