«Lebabawtoulag» täze sürüjileri işe çagyrýar

«Lebabawtoulag» önümçilik birleşigi tarapyndan şäher içindäki awtobuslary we ýük awtoulaglaryny dolandyrmak üçin täze sürüji işgärleriniň kabul edilýändigi habar berildi.

Sen 18, 2025 - 07:36
«Lebabawtoulag» täze sürüjileri işe çagyrýar

Wagzala laýyk gelýän dalaşgärleriň degişli sürüjilik şahadatnamalaryna eýe bolmalydyklary we iş tejribeleriniň bolmalydygy talap edilýär.

Hususan-da, Hyundai Super Aero City kysymly şäher awtobuslaryny dolandyrmak üçin sürüjilerden “D” kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasy islenýär. Şeýle hem, 20 tonna çenli ýük daşamak üçin niýetlenen KamAZ-6520 kysymly ýük awtoulaglarynda işlemäge isleg bildirýän sürüjiler üçin “C” kategoriýasy hökmanydyr.

Gyzyklanýan raýatlar goşmaça maglumatlary alyp, arza tabşyrmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilerler:
+993 422 6-34-37, 6-29-11.