Welaýat kitaphanasynda «Täze ýyl — ýagşy arzuwlaryň baýramy» temasy boýunça tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Dek 17, 2025 - 12:28
Welaýat kitaphanasynda «Täze ýyl — ýagşy arzuwlaryň baýramy» temasy boýunça tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda  «Täze ýyl — ýagşy arzuwlaryň baýramy» temasy boýunça tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze eseriniň mazmuny bilen tanyşdylar. Kitapda Bitaraplygyň taryhy esaslary, milli we halkara ähmiýeti giňden düşündirilýär, şeýle hem häzirki zaman halkara meselelerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ornunyň ähmiýeti nygtalýar.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar Türkmenistanyň Bitaraplyk tejribesiniň diňe milli çäklerde däl, halkara jemgyýetçilik üçin hem örän ähmiýetli bolup durýandygyny bellediler. Şeýle hem kitapda diplomatiki we ykdysady hyzmatdaşlyk gurallarynyň sebit we ählumumy howpsuzlyk meselesindäki roly görkezilýär.

Welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy we Ilkinji Zenanlar Guramasynyň işjeň agzasy Arzygül Astankulowa tegelek stoluň ahyrynda geljek 2026-njy ýylyň parahatçylyk, üstünlik we ynsanperwer ýörelgeler bilen baýram bolmagyny, jemgyýetimizde sazlaşyk, rowaçlyk we bagtyýarlyk höküm sürmegini arzuw edip, ähli gatnaşanlary taze ýyl bilen gutlady.