«Nokia» telefonlary bazardan gitmez
«Nokia» we «HMD Global» kompaniýalary özara ygtyýarnamany ýene birnäçe ýyl dowam etmegi ylalaşdylar. Emma şol döwürde «Nokia» smartfonlary öndürilmez, hyzmatdaşlyk diňe düwmeli telefonlar boýunça dowam etdiriler diýip, «GizmoChina» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Ýagny 2026-njy ýylda bilelikdäki önümçiligiň möhleti dolmaly, emma täze geleşik boýunça ol üç ýyl uzaldyldy. Häzir kompaniýalar tarapyndan bu barada resmi beýanat berilmedi.
«Nokia HMD Global» telefonlary Hindistandaky we Hytaýdaky kärhanalarda öndürilýär, şunda Hindistan satuwlaryň möçberi hem-de eksport merkezi babatda esasy bazar bolmagynda galýar.
IDC guramasynyň maglumatlaryna görä, «HMD Global» hindi bazarynda ynamly öňdeligi eýeleýär we düwmeli eltelefonlaryň satylýan möçberi boýunça 22,4 göterimi tutýar. 2024-nji ýylda Hindistanda düwmeli telefonlaryň 54 milliona golaýy satyldy.
