Özbegistanda adamlary olaryň razylygy bolmazdan surata ýa-da wideoya düşürmek gadagan edilip bilner

Özbegistan Respublikasynyň Parlamentiniň aşaky palatasy — Kanunçylyk palatasynda raýatlaryň şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini goramaga gönükdirilen täze kanun taslamasy garalýar. Bu resminama, adamları öňünden razylyk almazdan surata ýa-da wideoya düşürmegi hem-de olaryň keşbini peýdalanmagy gadagan etmegi göz öňünde tutýar.

Sen 9, 2025 - 18:10
Özbegistanda adamlary olaryň razylygy bolmazdan surata ýa-da wideoya düşürmek gadagan edilip bilner

Parlamentiň aşaky palatasynyň resmi Telegram-kanalynda berlen habarda bellenilişi ýaly, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň çalt ösmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlarda, adamynyň öz keşbine gözegçilik etmäge bolan hukugy käte bozulýar. Esasy meseleleriň biri — bu hukugy netijeli goramaga mümkinçilik berýän guralyň ýoklugydyr.

Kanun taslamasynda şeýle hem, haýsy ýagdaýlarda adamyň razylygyny almak zerur däl diýlip hasaplanýandygy anyk kesgitleniler. Mundan başga-da, iş gatnaşyklarynyň çäginde keşbi ulanmak bilen baglanyşykly hukuk meseleleri hem anyklaşdyrylar.

Bu kanunyň kabul edilmegi bilen raýatlaryň şahsy durmuşlaryny goramak boýunça hukuk kepillikleri güýçlener we jemgyýetçilik ýerlerinde adamlary rugsatsyz surata ýa-da wideoya düşürmek ýaly ýagdaýlaryň öňüni almaga ýardam berer diýip garaşylýar.