Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Awg 5, 2025 - 10:39
Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň başlygy Filemon Ýang bilen resmi duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda, ulag, energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda halkara derejesinde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde köptaraplaýyn diplomatiýanyň orny aýratyn bellenildi. Raşid Meredow, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda oňyn bitaraplyk ýörelgesine daýanýandygyny, bu ýörelgeleriň döwletara gatnaşyklarda ynamy we hyzmatdaşlygy güýçlendirýändigini belledi.

Filemon Ýang hem öz gezeginde, Türkmenistanyň BMG-niň Düzgünnamasyna, halkara hukuga we parahatçylykly gatnaşyklara bolan ygrarlylygyny ýokary baha berdi. Ol Türkmenistanyň sebitde we halkara derejesinde alyp barýan diplomatik işjeňligini goldap, munuň halkara jemgyýetçiliginiň arasynda uly hormata eýedigini aýtdy.

Duşuşykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky üçünji Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Taraplar bu çözgüdiň, Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylykly daşary syýasatynyň giň goldawa eýediginiň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Awazada geçirilýän halkara maslahatlaryň sebitleýin hyzmatdaşlyga täze itergi berýändigi, bu görnüşli duşuşyklaryň halkara derejesinde anyk netijelere getirýändigi aýratyn bellenildi.

Maslahatyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň halkara hyzmatdaşlygyň işjeň meýdançasyna öwrülýändigini görkezýär.