Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Iýun 24, 2025 - 08:11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär. Maslahatda ýurdumyzda, aýratyn hem oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow çykyş edip, welaýatda alnyp barylýan galla oragy, gowaça meýdanlaryna edilýän ideg, gök-bakja ekinleriniň hasylynyň ýygnalyşy we gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz bugdaý oragynyň öz wagtynda we ýitgisiz geçirilmeginiň, şeýle hem gowaça bilen baglanyşykly agrotehniki çäreleriň hiline aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow çykyş etdi. Ol welaýatyň meýilnamasyna laýyklykda 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyz bu üstünlik bilen babadaýhanlary gutlady we galla oragynyň soňuna çenli guramaçylykly dowam etdirilmelidigini belledi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew bugdaý we gök ekinleriň hasylynyň ýygnalyşy, gowaça hem-de şaly meýdanlaryna edilýän ideg işleri barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem gurluşyk maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi gözden geçirildi. Prezident oba hojalygyndaky ähli agrotehniki çäreleriň kadalara laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow hem galla oragynyň ýagdaýy, sürüm işleri, gowaça, ýeralma, gök-bakja we şaly bilen baglanyşykly agrotehniki çäreler boýunça çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň depgininiň ýokarlandyrylmagyny we gurluşyk işleriniň hiline gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde bugdaý hasylynyň ýygnalyşy, gowaça idegi, gök ekinleriň ýygnalyşy, gant şugundyrynyň ekilişi barada çykyş etdi. Şeýle hem welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagynyň, ähli möwsümleýin işleriň öz wagtynda we ýokary hilli alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki oba hojalyk möwsümine degişli işler barada umumy hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ähli welaýatlarda galla oragy guramaçylykly dowam edýär, tehnikalar netijeli ulanylýar, gök önümler ýygnalyp, bazarlara ugradyrylýar. Şeýle hem şaly we gant şugundyry bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalygynda önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ýokary hilli işleriň üpjün edilmelidigini, ähli möwsümleýin işleriň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barylmagynyň möhüm wezipedigini nygtady. Şeýle-de, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Maslahatyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.