«Real» myhmançylykda «Atletik» toparyny ahmyrda goýdy — 3:0. Oýnuň gahrymany — Mbappe

Dek 4, 2025 - 16:29
«Real» myhmançylykda «Atletik» toparyny ahmyrda goýdy — 3:0. Oýnuň gahrymany — Mbappe
«Real» myhmançylykda «Atletik» toparyny ahmyrda goýdy — 3:0. Oýnuň gahrymany — Mbappe


«Real» Ispaniýanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynda myhmançylykda «Atletik» klubuny ýeňlişe sezewar etdi. Bilbaoda geçirilen duşuşyk madridlileriň ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň esasy gahrymany bolsa «gaýmak reňklileriň» hüjümçisi Kilian Mbappe boldy — ol duşuşykda iki gol geçirip, bir gol pasyny berdi. Hasaby hem duşuşygyň 7-nji minutynda Mbappe açdy, ol ýekeklikdäki özbaşdak geçişinden soň tapawutlandy.Arakesmä az wagt galanda Mbappe öz watandaşy Eduardо Kamawinge kellesi bilen diýseň oňaýly pas geçirdi, ony wagtynda kabul eden Kamawingiň kelle bilen derwezä gönükdiren urgusy Bilbaonyň toparynyň derwezesinde gaýmalady.

Mundan başga-da, 59-njy minutda Mbappeniň jerime meýdanyndan daşardan ýerine ýetiren dürs urgusy netijeli jemlendi.

Şunlukda, «Real» çempionatda bassyr üç deňlik bilen tamamlanan şowsuz tapgyryň soňuna «sogan ekdi». 36 utuk toplan topar La Liganyň ýaryş tertibiniň başyny çekip gelýän «Barselonadan» bary-ýogy bir utuk yza galýar we ikinji orny özünde saklaýar. «Atletik» bolsa 20 utuk bilen 8-nji basgançakda barýar