Linkin Park Mýunhende Çempionlar ligasynyň finalyndan öň sahna çykar
Linkin Park Mýunhende Çempionlar ligasynyň finalyndan öň sahna çykar

Nýu-metal žanrynyň meşhur topary Linkin Park 31-nji maýda müňlerçe futbol janköýeriniň öňünde sahna çykar. Bu çykyş topar üçin aýratyn ähmiýetli bolup, olaryň täze wokalisti Emili Armstronk bilen sahna dolanmagyna we «From Zero» atly täze albomlarynyň çykmagyna gabat gelýär diýip, The New York Times habar berýär.
Topar UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň öňüsyrasynda muşdaklary bilen täze energiýasyny paýlaşmagy, täze aýdymlaryny seslendirmegi we köne meşhur hitlerini, şol sanda «Numb» aýdymynyň täzeden işlenen remiksini ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär.
Geçen ýylky Lenni Krawitsiň çykyşyndan soň, Linkin Park hem bu halkara sport wakasynda sahna alýan dünýä belli ýyldyzlaryň arasynda orun alar. Çykyş UEFA-nyň resmi YouTube kanaly arkaly göni ýaýlymda görkeziler, şeýle hem ýerli teleýaýlymlar arkaly tomaşaçylara ýetirilýär.
Topar häzirki wagtda dünýä syýahatyny dowam etdirýär. Gysga arakesmeden soň, 26-njy aprelde ABŞ-nyň Ostin şäherindäki konsert bilen çykyşlaryny täzeden başlar.