Lebaply sport ussatlary üstünlikleri üçin döwlet sylaglaryna mynasyp boldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmek, halkara giňişlikde Türkmenistanyň abraýyny belende götermek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny beýgeldýän tälimçileriň we türgenleriň hyzmatlary döwlet tarapyndan ýokary baha alýar.
Şol esasda dünýä derejesindäki ýaryşlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik eden, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga uly goşant goşan Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň söweş sungaty milli federasiýasynyň sambo boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi Osman Orunowiç Ýoldaşow şeýle hem dünýä derejesindäki ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Muminjan Abdilhakimowiç Arzikulow 2025-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulaglar bilen sylaglandy.
Mundan başga-da, dünýä derejesindäki ýaryşlarda altyn medallary gazanan Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Zyba Jumakulyýewna Orunowa hem-de Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Madina Rahimowna Aýdogdyýewa hem 2025-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulaglar bilen sylaglandy.
Bu sylaglar ýurdumyzda sport ulgamyna berilýän aýratyn ünsüň, tälimçileriň we türgenleriň zähmetine goýulýan ýokary bahanyň aýdyň beýany bolup, ýaş nesli sporta ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
