Talyp ýaşlara niýetlenen bilim karzy barada bildiriş

Noý 8, 2025 - 14:42
Talyp ýaşlara niýetlenen bilim karzy barada bildiriş

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçe şahamçasy Türkmenistanyň ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdeplerinde tölegli görnüşde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary bolan talyplara maksatlaýyn bilim karzyny berýändigini mälim edýär.

Karz okap bilim alýan Türkmenistanyň raýaty bolan talyplara okuwyň bahasyny tölemek üçin berilýär.
Karzyň möçberi her bir hünär okuw mekdebiniň umumy ýa-da bir ýyllyk okuwynyň bahasyna görä, okuwyň tölegini tölemek barada şertnamada ýa-da hasap sypatnamada görkezilen möçbere çenli degişli tassyklaýjy resminamalaryň esasynda kesgitlenilýär.

Karzlar gaýtadan dikeldilýän karz ugruny açmak arkaly berilýär.
Umumy okuw döwri üçin beriljek karz okuwyň tölegini tölemek baradaky şertnamada ýa-da hasap sypatnamada görkezilen möçberden geçmeýän möçberde nagt däl görnüşinde karzlaşdyrylýar.

Gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça karzyň ýokary çäk möçberi okuwyň bir ýyllyk bahasyndan geçmeli däldir we karz ugrundan peýdalanylan möçberi gaýtarylandan soňra soňky ýyllaryň tölegi geçirilib bilner.

Okuwyň soňky ýyllaryndaky bahalary artan ýagdaýynda, gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýän karzyň möçberi taraplaryň ylalaşmagy esasynda karz şertnamasyna goşmaça girizmek arkaly üýtgedilip bilner.

Karz ugry karz alyjynyň Türkmenistanda ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan döwrüne 5 (bäş) ýyla çenli açylýar.

Talyplar daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan bolsa, karz ugruny onuň kanuny wekili (ene-atasy, hossary ýa-da howandary) karz alyjy bolup çykyş etmeli.

Karz serişdeleri Türkmenistanyň bankara walýuta biržasynyň erkin ýörgünli daşary ýurt puluna çalyşmak üçin manat görnüşinde berilýär we soňra ýokary okuw mekdebinden berlen hasap sypatnama boýunça tölegleri tölemeklige gönükdirilýär.
Okaýan döwrüne 5 (bäş) ýyla çenli açylýar.

Karz ugry boýunça serişdeler nagt däl görnüşde her ýarymýyllyk ýa-da ýyllyk okuw üçin zerur bolan möçberde tapgyrlaýyn görnüşinde berilýär.

Karz boýunça göterimiň derejesi ýyllyk 5 (bäş) göterim kesgitlenilýär.
Göterimleriň derejesi karzyň herekete edýän döwründe gaýtadan maliýeleşdirmegiň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen möçberinden ugur almak bilen bank tarapyndan kesgitlenilýär.

Gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça nobatdaky tölegler okuwyň tölegini tölemek baradaky şertnamada ýa-da hasap sypatnamada görkezilen möçberinden geçmezlik şertinde karz ugry boýunça ulanylmadyk serişdeleriň hasabyna ýa-da öňki berlen karz serişdeleri gaýtarylandan soňra berilýär.

Karz ugry boýunça nobatdaky tölegleri almaklyga karz alyjynyň indiki okuw ýylyna geçýändigini tassyklaýan resminamalar (karz alyjynyň okuw mekdebinde okaýandygy barada güwänama, talyp şahadatnamasy, baha depderçesi) esas bolup durýar.

Karzy gaýtarmagyň üpjünçiligi hökmany girew emlägi ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyndaky gadagan edilmedik üpjünçiligiň beýleki görnüşleri (bank kepilligi, edara görnüşindäki we şahsy taraplaryň zamunçylyklyklary we şuňa meňzeşler) resmileşdirilip bilner.
Karzyň üpjünçiligine şahsy tarapyň zamunlygy bolan halatynda kanuny wekili bilen baglaşylan zamunlykdan başga bir sany zamun bolujy ýeterlik bolup biler.

Esasly (ýarawsyzlygy, hemişelik ýaşaýan ýerine göçüp gitmekligi we şuňa meňzeşler) ýa-da esassyz (ýokary okuw mekdebiniň okuw düzgün-nyzamyny bozan ýagdaýynda, okawa ýetişiksizligi we şuňa meňzeşler) sebäplere görä okuw döwri togtadylan ýa-da karz alyjy okuwy dowam etdirmedik ýagdaýynda karz alyjy, onuň kanuny wekili we zamun bolujy alnan karz serişdeleriniň we olara hasaplanan göterimleriň bank tarapyndan kesgitlenen möhletde bankyň hasabyna gaýtarylmagyna raýdaşlyk tertipde jogapkärçilik çekýärler.

Degişli maslahatlary we anyk maglumatlary Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçe şahamçasynyň hünärmenlerinden dolulygyna alyp bilersiňiz.

Biziň salgymyz: Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesiniň Galkynyş köçesiniň 5-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 8 (440) 2-40-00, 2-40-01, 2-40-05.