Talyplaryň baýramçylyk sowgady

Dek 11, 2025 - 10:44
Talyplaryň baýramçylyk sowgady

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilen günlerinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan fizika dersi boýunça guralan V Açyk halkara internet olimpiadasy zehinli ýaşlaryň birnäçesini ýüze çykardy.

Bäsleşige biziň döwletimiziň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 53-sinden talyplaryň 378-si gatnaşdy. Olimpiada gatnaşyjy ýaşlar fizika dersine degişli nazary meseleleri häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly çözmegi başardylar, ukyplaryny we başarnyklaryny artdyrdylar. Netijede Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary ýokary bahalara mynasyp boldular.

Şonuň ýaly-da, Russiýanyň Ufa şäherindäki döwlet nebit-tehniki uniwersitetiniň, Özbegistanyň Nyzamy adyndaky milli pedagogik uniwersitetiniň, Hytaýyň Hinjiang uniwersitetiniň, Belarus döwlet uniwersitetiniň, ABŞ-nyň Memfis uniwersitetiniň wekilleriniň we beýleki daşary ýurtly talyplaryň çykyşlaryna gowy baha berildi. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden ýaşlar degişli diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Gazanan ýeňişler talyplarymyzyň şanly sene üçin ajaýyp sowgady boldy.

Edil şu toý-dabara günlerinde institutynyň tebigy bilimler fakultetiniň biologiýa hünäriniň talyplary hem uly üstünlige ýetdiler. Ildeşlerimiz Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda geçirilen IV halkara internet olimpiadasynda baýrakly orunlaryň 9-syny eýelediler. Olardan Çeper Begenjowa, Gözel Baýramowa, Mähriban Merdanowa altyn, Zumrat Röwşenowa, Mähriban Guwançgeldiýewa, Oguljennet Rahmanowa, Sabyr Hydyrow kümüş, Uzuk Seýidowa, Nargiza Açylowa bolsa bürünç medallara mynasyp boldular. Bu talyplarymyz bäsleşik meselelerini çözmek, algylar bilen işlemek boýunça şertlerini dürs, takyk ýerine ýetirdiler.

— Kafedramyzyň mugallymy Bagtygül Aýdogdyýewanyň talyplar bilen geçiren taýýarlyk okuwlary oňyn miwesini berdi. Dünýäniň onlarça döwletiniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara internet olimpiadasynda institutymyzyň wekilleriniň dokuzysynyň baýrakly orunlary eýelemekleri buýsandyryjydyr. Bu ýetilen ýeňişler talyplarymyzyň bilim derejesiniň, hünär taýýarlygynyň ýokarydygyna güwä geçýär. Biz geljekde-de ýaşlara kämil ylym-bilim bermekde, hünär öwretmekde tagallalarymyzy gaýgyrmarys — diýip, institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri Maýsa Weýisowa biziň bilen buýsanjyny paýlaşdy.

Talyp ýaşlarymyzyň halkara internet olimpiadasynda gazanan bu üstünlikleri hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna türkmen ilinde uludan tutulýan toýuň dabarasyny has-da belende göterýär.