Zamanyň zybanynda Bitaraplygyň keşbi

Dek 11, 2025 - 11:19
Dek 11, 2025 - 11:20
Zamanyň zybanynda Bitaraplygyň keşbi

Ýurdumyzda älem-jahana ýaň salan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy giňden bellenilýän günlerde Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň, şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň kalbynyň kelamyna, dilleriniň sadasyna öwrüldi.

Şanly ýylda tutuş adamzada aklyk, älem-jahana asudalyk, parahatçylyk ündeýän türkmen Bitaraplygynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri wasp etmek maksady bilen, şu ýylyň başynda «Türkmen gündogary» gazeti redaksiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen, «Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany» hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly bäsleşikler yglan edildi.

Makalalar, goşgular we hekaýalar ugurlary boýunça yglan edilen «Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany» bäsleşigine döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz özleriniň ata Watanymyza, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, okgunly ösüşlerine, parahat, eşretli zamanamyza buýsanjyny beýan edýän eserleri bilen işjeň gatnaşdylar.

Goşgular ugry boýunça bäsleşikde:

  • Darganata etrabynyň ýaşaýjysy Öwez Gurbanýazow — 1-nji orun,

  • Halaç etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy Esen Çaryýew hem-de S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Begenç Baýramow degişlilikde — 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Makalalar ugry boýunça bäsleşikde:

  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Aýgözel Garlyýewa — 1-nji orun,

  • Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Agamyrat Akyýew — 2-nji orun,

  • Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy Gülelek Batyrowa — 3-nji orun.

Hekaýalar ugry boýunça bäsleşikde:

  • Darganata etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy Nurguly Ýagmyrow — 1-nji orun,

  • Saýat etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň müdiri Göwher Baltayeva — 2-nji orun,

  • Farap etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Enejan Hudaýberdiýewa — 3-nji orun.

Asuda, parahat zamanamyzyň hem-de hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgelerimiziň çuň mazmunyny açyp görkezmek, döwletli döw­rümiziň mukaddesliklerini beýan etmek maksady bilen «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly bäsleşige makalalaryň we oçerkleriň uly toplumy hödürlenildi.

Makalalar ugry boýunça:

  • Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy Çaryýar Pirimkulow — 1-nji orun,

  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Süleýman Baýramgeldiýew — 2-nji orun,

  • Saýat etrabynyň merkezi kitaphanasynyň müdiri Akjemal Şirova — 3-nji orun.

Oçerkler ugry boýunça:

  • Köýtendag etrabynyň kitaphanasynyň kitaphanasynda işleýän Oral Temirow — 1-nji orun,

  • Dänew etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň mugallymy Gülnara Joraýewa — 2-nji orun,

  • Welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gurban Çaryýew — 3-nji orun.

Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.