Türkmen döwlet Binagärlik - gurluşyk instituty 2025/2026 okuw ýylyna dalaşgärleri çagyrýar

Iýul 12, 2025 - 21:30
Türkmen döwlet Binagärlik - gurluşyk instituty 2025/2026 okuw ýylyna dalaşgärleri çagyrýar

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen  maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy)  boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler:  binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny  meýilleşdirmek; ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy);

2. Himiýa tehnologiýalary (hünär: himiýa senagatynda  we ulanylyşynda raýat goranyşy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Binagärlik (hünärler: binagärlik; şähergurluşyk we  ilatly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň  dizaýny);

2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler:  senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary  akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; köprüler we ulag tunnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa; seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk);

3. Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektrik  üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy);

4. Maşyngurluşyk (hünärler: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; göteriji-äkidiji,  gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary);

5. Himiýa tehnologiýalary (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn metal däl  we silikat materiallarynyň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy);

6. Materiallaryň tehnologiýalary (hünär: metallary basyş bilen işläp taýýarlamak);

7. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: metrologiýa,  standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (senagat  pudagynda).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugry: kartografiýa  we geoinformatika (senagat pudagynda);

2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (taýýarlygyň  ugry: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy (senagat pudagynda);

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň  ugurlary: maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary (senagat pudagynda); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (senagat pudagynda); kompýuter  ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat-ölçeýiş  tehnikasy we tehnologiýasy);

4. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygy). (Okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar).

Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl  — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir;

5. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary  (taýýarlygyň ugurlary: mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar; senagat elektronikasy);

6. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda);

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary:  önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy (senagat pudagynda); kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy  (senagat pudagynda); logistika (senagat pudagynda). 

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda  bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek; ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy; himiýa senagatynda we ulanylyşynda  raýat goranyşy hünärlerine — çagyryş boýunça harby  gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da  Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen  harby mekdeplerini tamamlan, 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk, 24 ýaşy dolýança erkek  harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça  bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek; ýol gurluşygy işlerinde raýat  goranyşy; himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärlerine okuwa kabul etmekligiň şertleri

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen döwlet  binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetine okuwa kabul etmegiň Tertibine» laýyklykda amala aşyrylýar.

Bu Tertip bilen tanyşmak üçin dalaşgärler Türkmen döwlet  binagärlik-gurluşyk institutynyň kabul ediş toparyna ýa-da  ýaşaýan ýeri boýunça harby wekilliklerine ýüzlenip bilerler.

Resmi iş kagyzlary (tölegli esasda okadyljak hünärlere we taýýarlygyň ugurlaryna resminamalary tabşyrýanlar üçin) welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde  (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň  14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan  Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary  tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler  ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek  üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan  beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary  üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda  (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 30-31-i,

awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri; 

Mary welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 8-i we 10-y  günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 11-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 12-si, 14-i we 15-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 13-i, 14-i we 15-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: binagärlik ugruna degişli hünärler boýunça — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy; gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektrik  we ýylylyk energetikasy; maşyngurluşyk; materiallaryň tehnologiýalary; tehniki ulgamlarda dolandyryş  ugurlaryna degişli hünärler, informatika we hasaplaýyş  tehnikasy; ýeri öwreniş ylymlary; gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektronika, radiotehnika we  aragatnaşyk ulgamlary; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlaryna degişli taýýarlygyň ugurlary boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy; himiýa tehnologiýalary ugruna degişli hünärler we  taýýarlygyň ugurlary boýunça — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; maglumat howpsuzlygy taýýarlygyň ugry boýunça  (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) — matematika, iňlis dili,  Türkmenistanyň taryhy. 

binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek; ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy; himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärlerine okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçbernamalary: (100 m, 3 km ylgamak; turnikde göwräňi çekmek)  ýerine ýetirýärler.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň  orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda,  döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw  dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç  hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň  rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Baba Annanow köçesi, 136,          tel.: 28-18-19, 28-18-29.