Türkmen samboçylary dünýä çempionatynda 8 medal gazandylar

Noý 10, 2025 - 16:05
Noý 10, 2025 - 16:18
Türkmen samboçylary dünýä çempionatynda 8 medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli sekiz medala mynasyp boldular.

Sport sambosynda 98 kg agram derejesinde çykyş eden Guwanç Begalýew dünýäniň wise-çempiony boldy.
Aýallaryň arasynda söweş sambosynda Madina Aýdogdyýewa (54 kg çenli) kümüş, Zyba Orunowa (65 kg çenli) bürünç medal gazandy. 80 kg-dan ýokary agram derejesinde Sabina Agadýanowa ikinji orny eýeledi.

Erkekleriň arasynda söweş sambosynda Häkberdi Jumaýew (58 kg) we Muminjan Arzykulyýew (71 kg) hem kümüş medal gazandylar. Abdullah Nazargeldiýew (88 kg) we Bezirgen Begendjow (98 kg) bolsa bürünç medallara mynasyp boldular.

Bellenilip geçilişi ýaly, Bişkekde geçen çempionatyň baýrak gaznasy 341 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Öz agram derejesinde ýeňiji bolan türgenler 4 müň dollar, kümüş medal gazananlar 3 müň dollar, bürünç medal alanlar bolsa 2 müň dollar bilen sylaglandy.