Paulo Dibala futbol karýerasynda 200-nji goluny geçirdi

Okt 24, 2025 - 14:15
Paulo Dibala futbol karýerasynda 200-nji goluny geçirdi

Italiýanyň «Roma» futbol toparynyň hüjümçisi Paulo Dibala karýerasynda 200-nji goluny geçirmegi başardy. Bu waka Ýewropa ligasynyň çäklerinde geçirilen «Roma» — «Wiktoriýa Plzen» duşuşygynda bolup geçdi.

Argentinaly futbolçy duşuşygyň 54-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan karýerasyndaky taryhy goluny geçirdi. Şeýle-de bolsa, onuň goly «Roma» toparyny garaşylmadyk ýeňlişden halas edip bilmedi — duşuşyk 1:2 hasabynda tamamlandy.

31 ýaşly futbolçynyň häzirki wagtda jemi 200 goly bar. Şolaryň 196-syny ol topar derejesinde 545 oýunda, galan 4-sini bolsa Argentinalyň milli ýygyndysynyň düzüminde 40 oýunda geçirdi.

Paulo Dibala 2022-nji ýylyň tomsunda «Ýuwentus», «Palermo» we «Instituto» toparlaryndan soň «Roma» toparyna geçipdi. Häzirki wagtda onuň rimliler bilen şertnamasy häzirki möwsümiň ahyrynda tamamlanýar.