Lebap welaýatynda bereketli şaly hasyly ýygnaldy
Lebap welaýatynyň şalyçy daýhanlary bu ýyl hem bol hasyl alyp, Watanymyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşdular. Jeýhunyň bereketli suwy bilen suwarylýan meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilen şalynyň tagamy we hil derejesi bilen tapawutlanýandygy halk arasynda giňden tanalýar.
Lebap topragynda ösdürilen şalyň tagamy aýratyn üýtgeşikdir. Bu tagamlylyk esasan Jeýhunyň süýji suwundan suwarylmagynyň netijesidir. Şonuň üçinem bazarlarda alyjylar ilki bilen şalynyň nireden alnandygyny soraýarlar. Lebap ýa-da Daşoguz welaýatynyň tüwüsi bolsa, ol il arasynda uly islege eýedir.
Bu ýyl lebaply daýhanlar jemi 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekişini geçirdiler. Şol meýdanlaryň köp bölegi bugdaýdan soňky aralyk ekin hökmünde peýdalanyldy. Şaly ekmekde “Nukus-2” görnüşi has netijeli hasaplanyp, onuň hasyllylygy we kesellere durnuklylygy bilen tapawutlanýar.
Darganata, Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki we Köýtendag etraplarynyň tejribeli şalyçylary her gektardan ortaça 50 sentner hasyl almagy başardylar.
Halaç etrabynyň “Çohpetde” daýhan birleşiginiň şalyçylary – Gülälek Allanazarowa bilen Jumanazar Kudermetow şu ýyl ilkinji gezek “Galpakbaş” atly täze görnüşi ekdiler. Bu görnüş bary-ýogy 120 günde bişip ýetişýär we 55 sentner hasyl berýär.
Geljek ýyl olar “Müňbaşy” görnüşini ekmegi maksat edinýärler. Hut şu görnüşden Kerki etrabynda Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçysy Batyr Jumagulyýew her gektardan 60 sentner hasyl alyp, öz tejribesini beýleki daýhanlara hem paýlaşdy.
Lebaply şalyçylar özara tejribe alyşmak arkaly ýerli toprak-howa şertlerine uýgun, ýokary hil derejesindäki görnüşleri ösdürýärler. Şaly ekişinde täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we sortlaryň täze görnüşleriniň tapylmagy bu ugurdaky ösüşi güýçlendirýär.
Döwlet tarapyndan şalynyň satyn alyş nyrhynyň soňky ýyllarda yzygiderli ýokarlandyrylmagy hem daýhanlaryň gyzyklanmasyny artdyrdy. Bu bolsa oba hojalygynyň durnukly ösmegine, bereketli hasylyň bolmagyna we daýhanlaryň girdejisiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir etdi.
Lebap welaýatynyň daýhanlary bu ýyl hem ýurdumyzy ýokary hilli, ýerli şaly önümleri bilen üpjün etmekde öňdäki hatarlarda boldular. Jeýhunyň bereketli suwy, ýerli topraklaryň öndürijiligi we daýhanlaryň zähmetsöýerligi birleşip, “ak altynyň” – şalynyň ýene-de bir bereketli ýylyna ýol açdy.
