Keremli topragyň sahawaty: Lebapda pagta ýygymy üstünlikli dowam edýär

Noý 9, 2025 - 13:32
Keremli topragyň sahawaty: Lebapda pagta ýygymy üstünlikli dowam edýär

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan maksatnama laýyk işler netijesinde bu ýyl hem pagta ýygymy üstünlikli dowam edýär. Pagta önümçiligi we gaýtadan işlemek ulgamlarynda täze tehnologiýalar, döwrebap tehnikalar hem-de ýokary öndürijilikli usullar ornaşdyrylýar.

Ýurtda oba hojalyk tehnikalarynyň sany yzygiderli artýar, himiýa senagatynda dökün öndürýän täze kärhanalar işe girizilýär, suw üpjünçiligi we ekerançylyk ulgamlary kämilleşdirilýär. Bu işler pagtaçy kärendeçileriň işini ýeňilleşdirip, hasyllylygyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Daýhanlar gysga wagtda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnamak we şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrunda guramaçylykly işleri dowam etdirýärler.

Pagta ýygymy döwründe ýurt boýunça oba hojalyk işgärleriniň arasynda zähmet bäsleşikleri guralýar. Öňdebaryjy pagtaçylar, kombaýnçylar we ulag sürüjileri sylaglanýar hem-de höweslendirilýär.

Köýtendag etrabynda hem zähmet bäsleşikleri we höweslendiriji çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler oba hojalyk pudagynda netijeliligi ýokarlandyrmaga we tejribe alyşmaga oňyn täsir edýär.

Pagta hasylynyň bolmagyna oba hojalyk işgärleriniň tejribesi, täze tehnikalaryň we ekerançylyk usullarynyň ornaşdyrylmagy möhüm rol oýnaýar.