Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagynyň işgärlerini sylaglamak barada Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hasyl baýramy mynasybetli watandaşlaryň bir toparyny “Watana bolan söýgüsi üçin” atly Türkmenistanyň medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Westiabad» maglumat agentligi habar berýär.
Sylaglar ýurdumyzyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge goşan goşandy, oba hojalygyny ösdürmekde, halal we yhlasly zähmeti, Watan öňündäki hyzmatlary üçin berilýär.
Medal bilen oba hojalyk hem-de suw hojalygy ulgamynyň işgärleri, maldarcylyk boýunça hünärmenler, mehanizatorlar, daýhan birleşikleriniň kärendeçileri, agronomlar hem-de ýurduň ähli welaýatlaryndan azyk senagaty işgärleri sylaglanyldy.
Bu Permanyň maksady — Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmekde we ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly goşant goşan işgärleri höweslendirmekden ybaratdyr.
