Türkmen talyplarynyň ylmy işleri «WSDG 2025» halkara bäsleşiginiň altyn medallaryna eýe boldy

Sen 24, 2025 - 14:38
Türkmen talyplarynyň ylmy işleri «WSDG 2025» halkara bäsleşiginiň altyn medallaryna eýe boldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) gazanmak boýunça «World Sustainable Development Goal Challenge» (WSDG 2025) halkara bäsleşiginde uly üstünlige eýe boldular. Bäsleşik Malaýziýanyň Multimedia uniwersiteti hem-de Ýaş alymlar guramasy tarapyndan guraldy.

Abraýly bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan, şol sanda Malaýziýadan, Indoneziýadan, Tailanddan, Filippinlerden, Bangladeşden, Rumyniýadan, Braziliýadan, Salwadordan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Bosniýa we Gersegowinadan, BAE-den, Müsürden, Hindistandan we Palestinadan ýaş alymlaryň – ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň 2100-den gowrak ylmy işleri hödürlendi.

Türkmen uniwersitetiniň himiýa-tehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow altyn medala we bäsleşigiň baş baýragy bolan «WSDG Innovation Grand Award» baýragyna mynasyp boldy. Ýaş alym bäsleşikde «Durnukly ösüş üçin ýaşyl sementi öndürmegiň ylmy esaslary» atly ylmy-barlag işi bilen çykyş edip, onda sementiň önümçiliginde daşky gurşawa ýaramaz täsirleri azaltmagyň ylmy esaslarynyň işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdy. Şunda ýaş alym energiýanyň netijeli ulanylmagyna hem-de giňden ulanylýan bu gurluşyk serişdesini öndürmegiň ekologiýa taýdan arassa usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berdi.


Türkmen uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow hem-de himiki inžiniring taýýarlyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jemal Şaripowa tarapyndan bilelikdäki awtorlykda taýýarlanylan «Senagat galyndysy bolan fosfogipsden arassa gipsi almagyň innowasion tehnologiýasy» atly ylmy-barlag iş altyn medal we bäsleşigiň ýörite baýragy – «Durnukly ösüş babatda iň oňat innowasiýa» atly baýrak bilen bellenildi. Ýaş alymlar öz ylmy işlerinde fosfogipsden – fosforly dökünleriň önümçiliginiň ikilenç öndürilen önümlerinden we ekologiýa taýdan ýaramaz senagat galyndylaryndan arassa gurluşyk gipsini almagyň ykdysady taýdan bähbitli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz usulynyň işlenilip düzülişini görkezdiler. Işiň awtorlary senagat galyndylaryny gaýtadan işlemegiň we olardan ykdysady taýdan peýdaly önüm almagyň täze usulyny üstünlikli tanyşdyrdylar. Bu iş hem halkara eminleriň oňat seslenmesine hem-de ýokary bahasyna mynasyp boldy. Zehinli talyplarymyzyň ýeňşine milli toparyň ylmy ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň amaly himiýa kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty Atamyrat Altyýewiň uly goşant goşandygyny bellemek gerek.

Şeýle netijeler Türkmenistanyň halkara ylmy giňişlikde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýandygyny tassyklamak bilen, ýaş alymlaryň ylym, innowasiýalar we tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjylar hökmünde kemala gelmegine ýardam edýär.