«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

«TÜRKMENGAZ» DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak.
2. Nebit-gaz geçirijilerini we nebit-gaz ammarlaryny gurmak we ulanmak.
3. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.
4. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
5. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.
6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
7. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
8. Maglumat ulgamlary.
9. Elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy.
10. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak.
11. Maşyngurluşygyň tehnologiýasy.
12. Ölçeg barlag enjamlary we awtomatika.
13. Nebit gaz guýularyny düýpli abatlamak.
14.Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti — 2-2,5 ýyl. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde (Mary ş.) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.
«Türkmengaz» döwlet
konserniniň Mary nebitgaz orta
hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Mary ş., Kemine köçesi, 33,
tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-10.