Türkmenistanly sürüjiler «Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşyna gatnaşarlar

Iýul 16, 2025 - 09:04
Türkmenistanly sürüjiler «Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşyna gatnaşarlar

Irkutsk säherinde badalga alan «Ýüpek ýoly» halkara ralli 15 ýyllyk ýubileý ýaryşyna, Türkmenistan döwletinden üç ekipaž gatnaşýar. Bu ýaryş Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçer.

«Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşynyň taslamasy 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär we köp ýyllaryň dowamynda diňe bir Russiýanyň sebitlerini däl, eýsem, tutuş Ýewraziýa ýurtlaryny hem birleşdirýär. Ralli ýaryşynyň ilkinji ugry Kazan şäherinden başlanyp, Gazagystanyň üsti bilen geçip, Aşgabatda tamamlandy. Soňky ýyllarda bu ýaryş Sankt-Peterburg bilen Gyzyl Polýanany, Moskwa bilen Soçini, Moskwa bilen Gelenjigi, Moskwa bilen Astrahany, Moskwa bilen Pekini we Moskwa bilen Siýany birleşdirdi.

2019-njy ýylda «Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşynyň ugry ilkinji gezek Mongoliýanyň çäginden geçip, Russiýanyň Irkutsk şäheri bilen Hytaýyň Dunhuan şäherini birleşdirdi. 2021-nji ýyl möwsüminde bolsa Omskden Gorno-Altaýska çenli ugur goýuldy.

«Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşy ähli resmi bäsleşik görnüşlerini öz içine alýar:

ýük awtoulaglary,

ýeňil awtoulaglar,

bütin ýerüsti ulaglar,

şeýle hem 2019-njy ýylda ýaryşyň maksatnamasyna goşulan motosikller we kwadrosikller.

Şu ýylky ýaryşyň uzynlygy 4811,6 kilometr bolup, ýaryş ýene-de Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçýär. Ralli ýaryşyna gatnaşyjylary Gobi çölünden we Altaý daglaryndan alyp geçer, ýöne bu ýyl ugurda täze hazyna peýda boldy – Baýkal köli. Sürüjileri umumy uzynlygy 2402,33 kilometr bolan ýörite tapgyrlary öz içine alýan 11 tapgyr garaşýar. 

T2 seriýaly off-road ulaglaryň derejesinde diňe üç türkmen ekipažy çykyş edýär, olar «Ralli-reýd» görnüşindäki iň abraýly kuboklaryň biri ugrunda özara bäsleşýärler. Bu görnüşde Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasyna «Nissan Patrol» kysymly ulaglarynda şu aşakdaky toparlar wekilçilik edýär: 2022-nji ýylyň ýeňijileri we geçen ýylyň kümüş medallarynyň eýeleri doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler (214-nji başlangyç belgisi), «Ýüpek ýoly–2024» ralli ýaryşynyň bürünç medallarynyň eýeleri Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow (215), şeýle hem Meýlis Abdullaýew we Italmaz Çaryýew (216).

Gurnaýjylaryň habar berşine görä, ýaryşyň netijelerine esaslanyp ýük ulaglarynyň derejesinde öňbaşçy Karimowa geçdi. Şol bir wagtda, T1 prototipler görnüşünde «Ýüpek ýoly – 2023» ralli ýaryşynyň ýeňijisi Andreý Rudskoý birinji orny eýeledi. T3 bütin ýerüsti ulaglar toparynda 8 kilometrlik gaty ýörite ýerlerde iň gowy wagty Anastasiýa Nifontowa görkezdi. Açyk görnüşinde bolsa täze nesil «Lada Niva» kysymly ulagynda çykyş eden Dmitriý Woronow öňbaşçylyga çykdy. Seriýaly off-road ulaglaryň T2 derejesinde bolsa sürüji Maksatmyrat Daňatarow öňbaşçylyk edýär.

«Trassa ajaýypdy, howa hem gowy boldy. Derýajyklar çuň däldi. Bizde diňe ýeňiş üçin ruhubelentlik bar, ulagymyz özüni örän gowy görkezdi, hiç hili näsazlyk ýok. Uly gaýaly bir bölek bardy, ol biraz kyn boldy, ýuwaşlyk bilen geçmeli boldy. Ýörite tapgyrdan üstünlikli geçdik» diýip, ilkinji netijeleri barada Maksatmyrat Daňatarow belläp geçdi.

13-nji iýulda gatnaşýanlary ýaryşyň ilkinji doly tapgyry garaşýar: ekipažlar Pribaýkal zolagynyň gizlin ýerleri arkaly Baýkalsk şäherine ugur alarlar. Umumy aralyk 256 kilometr bolar, ol her bir ekipažyň köpugurlylygyny barlar we ugurda ilkinji uly synag bolar. 

«Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşy 22-nji iýulda Gorno-Altaýskta tamamlanar.