Türkmenistanyň ilçihanasynyň başlangyjy bilen Astanada iki günlük çäre geçirildi

Astanada 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň reňkli şekili iki günläp merkezi kenarda gurlan monitoryň ekranynda görkezildi.
Bu Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen geçirildi.
Bu waka Gazagystanyň Türkmenistanyň halkara arenasyndaky parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryna işjeň goldaw bermeginiň we doganlyk türkmen halkyna hormat goýmagyň nyşanydyr. Şeýle hem türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär diýlip, habarda bellenilýär.