Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marokkonyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Parlament forumynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Marokko Patyşalygynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary Ghaýate Mohammadyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän demokratik özgertmeleriniň hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem duşuşykda parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.