Türkmenistanyň mobil bazary: iň köp ulanylýan telefonlar we täze statistikalar
Türkmenistanyň mobil aragatnaşyk bazarynda soňky ýyllarda tehnologiýa ösüşleriniň we sanly hyzmatlaryň çalt ösmegi bilen birlikde, smartfonlaryň giňden ornaşandygy mälim boldy. StatCounter halkara gözleg platformasynyň 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndaky maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň ilaty arasynda iň köp ulanylýan telefon brendi hökmünde Samsung öňdelikde durýar.
Statistika görä, Samsung brendi Türkmenistanyň mobil bazarynyň takmynan 47,5% paýyny eýeleýär. Bu görkeziji kompaniýanyň ýurtda giň hyzmat ulgamy we dürli bahadaky modelleriniň elýeterliligi bilen düşündirilýär. Samsung-yň “Galaxy A” seriýasy ýaly orta bahaly modeller şäherden oba çenli giň aralykdaky ulanyjylar tarapyndan saýlanyp gelýär.
Ikinji orny Apple eýeläp, ýurduň umumy bazarynyň 22,5% töweregini düzýär. “iPhone” modelleri, aýratyn-da ýaşlar we tehnologiýa bilen içgin gyzyklanýan ulanyjylar arasynda uly islegden peýdalanýar. Apple-yň ulgamlaýyn howpsuzlygy we hyzmat ekosistemasy ony ýokary hilli telefon hökmünde tapawutlandyrýar.
Üçünji orny bolsa Xiaomi eýeläpdir. Onuň paýy 22,3% deňdir. Hytaý brendi bolan Xiaomi Türkmenistanda özüni arzan, emma ýokary mümkinçilikli enjamlary bilen tanatdy. “Redmi Note” we “Poco” modelleri müşderileriň arasynda iň köp satylýanlaryň hataryna girýär.
Sanawyň yzky hatarlarynda Huawei, Realme, Tecno ýaly beýleki brendler ýerleşýär. Olaryň paýy az bolsa-da, soňky döwürde bu kompaniýalar hem bazarda orny üçin bäsdeşlige girişýärler.
DataReportal maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň başynda Türkmenistanda takmynan 5,14 milliondan gowrak mobil baglanyşyk hasaba alyndy. Bu san ýurduň ilatynyň mobil internetiň giňden ulanylýandygyny görkezýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan täze infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär. 4G ulgamy ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda işjeňleşdirilip, geljekde 5G ulgamynyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze nesi smartfonlaryň satyn alynmagyna we bazaryň täzelenmegine itergi berer.
Tehnologiýa analitigi Döwletmyrat Allanazarowyň bellemegine görä:
“Türkmenistanda smartfon bazary soňky üç ýylda has çalt ösdi. Ilatyň arasynda onlaýn hyzmatlara, elektron töleglere we jemgyýetçilik ulgamlaryna gyzyklanma artdy. Bu ýagdaý telefon satyn alyş bazaryny hem giňeldýär.”
Onuň pikiriçe, Samsung bilen Xiaomi orta segmente, Apple bolsa premium bazara gönükdirilen strategiýasy arkaly öz ulanyjy toparlaryny durnukly saklaýar.
Türkmenistanyň mobil bazary häzirki wagtda üç esasy brendiň — Samsung, Apple we Xiaomi-niň arasynda paýlaşylýar. Şol bir wagtda bazaryň ösüş depgini ýurduň sanlylaşma maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we internet hyzmatlarynyň giňelmegi bilen, häzirki paýlaryň geljekde üýtgemegi mümkin.
