«Türkmenistan» awiakompaniýasy dekabryň ahyryndan we geljek ýylyň başyndan käbir halkara uçuşlaryny artdyrar
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuşlarynyň tertibine görä, dekabryň ahyrky günlerinde hem-de 2026-njy ýylyň başynda käbir howa gatnawlary artdyrylar.
29-njy dekabrdan öňki howa gatnawlarynyň üstüne Aşgabat — Deli ugry boýunça her hepdäniň ýekşenbe güni guraljak uçuşlar goşular. Bu uçar ir bilen 07:20-de ýola düşer we 11:30-da gonar.
2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan bolsa Aşgabat — Abu-Dabi ugry boýunça howa gatnawlary artdyrylar. Bu uçuş her hepdäniň ýekşenbe güni paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýola düşer. 04:25-de ugrajak uçar 05:55-de barmaly nokadyna ýeter.
Täze ýylyň 4-nji ýanwaryndan Aşgabat — Abu-Dabi ugry boýunça howa gatnawlary hem köpeler. Bu uçuş hem ýekşenbe günleri amala aşyrylyp, 07:25-de Abu-Dabiden ýola düşjek uçar 09:55-de türkmen paýtagtyna geler.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy watandaşlarymyz hem-de ýurdumyza gelýän myhmanlar üçin döredilýän şertleri has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
