Türkmenistanyň senagatynda ösüş depgini güýçlenýär: Köýtendag kän müdirligi rekord görkeziji gazandy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň möçberli gurluşyklar dowam edýärkä, ýurduň gündogaryndaky iri senagat kärhanalarynyň biri – Köýtendag kän müdirligi – ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Kärhana tarapyndan taýýarlanan täze hasabatda ýokary öndürijilik we ykdysady görkezijiler beýan edilýär.
Şu ýylyň degişli döwri üçin berlen maglumatlara görä, müdirlikde 317 müň 28 kub metr gurluşyk serişdeleri öndürilip, ýyllyk meýilnama 105,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüşiň 114,2 göterime deň bolandygyny görkezýär.
Ýylyň başyndan bäri öndürilen esasy gurluşyk serişdeleri:
-
100 müň 28 m³ çagyl,
-
151 müň 13 m³ ýuwlan çäge,
-
37 müň 47 m³ çagyl-çäge garyndysy,
-
28 müň 86 m³ butdaş.
Maliýe görkezijileri boýunça bolsa, müdirlikde 8 million 555 müň 867 manatlyk önümçilik işleri ýerine ýetirildi, bu hem meýilnamanyň 106,9 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Şeýlelikde, pul görnüşindäki ösüş geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 122,1 göterime ýetdi.
Öndürilen serişdeler diňe bir Lebap welaýatynda däl, eýsem ýurduň ähli sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyklarda giňden peýdalanylýar. Önümler awtoulaglar we demir ýol arkaly gurluşyk meýdançalaryna yzygiderli ugradylyp durulýar.
“Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen getirilýän döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalar önümçilige täze ruh berýär” - diýip, Köýtendag kän müdirliginiň önümçilik ýolbaşçysy Süleýman Mämmedow belleýär.
Kärhananyň ösüşine uly goşant goşýan işgärleriň hatarynda:
-
kebşirleýji Kemal Hakberdiýew,
-
operatorlar Fahrutdin Jepparow we Bagtyýar Baýhanow,
-
inžener-mehanik Abdurahman Şaýmuradow,
-
sürüji Ahmet Begmatow aýratyn bellenildi.
Müdirlikde döwrebap tehnikalaryň ornaşdyrylmagy bilen birlikde, zähmet sazlaşygy ýokarlanýar we önümçilik işleriniň netijeliligi artýar.