Ýolagçy uçary dispetçeriň uklandygy sebäpli deňziň üstünde aýlanmaly boldy
Pariž-Korsika arasynda uçuşy amala aşyrýan ýolagçy howa gämisi howa menziliniň üstünde birnäçe gezek aýlanmaly boldy. Waka iş ýerinde uklan dispetçer sebäp boldy. Ol Aýaçço howa menzilindäki ýeke-täk gonuş zolagynyň yşyklary ýakmady diýip, Fransiýanyň Raýat awiasiýasy edarasyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Netijede, uçar gonup bilmän, Ortaýer deňziniň üstünde 18 minut aýlandy. Şol wagt howa menziliniň ýangyn gullugynyň işgärleri dispetçer diňi bilen habarlaşmakçy boldular. Emma şowsuz bolup, polisiýa jaň etdiler. Hukuk goraýjylar diňe münüp, işgäri ukudan oýarmaly boldular.
Şondan soňra uçar sag-aman gondy. Polisiýanyň serkerdesi munuň özüniň birnäçe onýyllyk kärinde ilkinji wakadygyny gürrüň berdi. Emma hemmeler özlerini rahat alyp bardylar, ýolagçylar bolsa ýagdaýa ýylgyrmak bilen garadylar.
Wakanyň sebäpleri derňelende, howa menziliniň uçuş-gonuşa jogapkär işgäriniň serhoş däldigi anyklandy, emma onuň garşysyna sanksiýa ulanmak göz öňünde tutulýar diýlip, habarda bellenýär.
