Kümüşüň bahasy taryhyň iň ýokary derejesine ýetdi

Okt 10, 2025 - 10:01
Okt 10, 2025 - 10:01
Kümüşüň bahasy taryhyň iň ýokary derejesine ýetdi

Kümüş fýuçersleriniň bahasy taryhda ilkinji gezek rekord derejä ýetdi — bir troý unsiýasy üçin $49,95 geçdi.

Report habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, bu maglumatlar Comex biržasynyň söwda görkezijilerinde görkezilýär.

Gymmat bahaly metallaryň bahasy 3,15% ýokarlandy.

Öňki taryhy rekord bolsa 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde hasaba alnan bolup, şol wagt kümüş fýuçersleriniň bahasy $49,82 bilen iň ýokary derejä baryp ýetipdi.