Gazagystanda "Emeli aň" baradaky kanunyň ýakyn wagtda kabul edilmegine garaşylýar

Okt 10, 2025 - 17:47
Gazagystanda "Emeli aň" baradaky kanunyň ýakyn wagtda kabul edilmegine garaşylýar

Bu barada Gazagystanyň Report habar gullugynyň edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Milli Mejlisiniň (parlamentiň aşaky palatasy) deputaty Ekaterina Smyşlýewa anna güni Astanada geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Parlamentiň deputatlary täze kanunyň taslamasyny soňky ýyllarda ikinji okaýyşda kabul edip, degişli kanunlara girizilen goşmaça üýtgetmeleri Senata iberdiler. Men dokumentiň iň tiz wagtda gözden geçirilip, döwlet baştutanyna golaň  beriljekdigine umyt edýärin" - diýip, Smyşlýewa Report-yň soragyna jogap berip belledi.

"Emeli aň" baradaky kanun taslamasy emeli aň bilen işlemek üçin bitewi hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilendir. Esasy düzgünleriň hatarynda: emeli aňyň ulanylmagynyň hukuk we guramaçylyk düzgünleşdirilmegi; aç-açanlyk we howpsuzlygyň üpjün edilmegi; döwlet edaralarynda we ýarym döwlet sektorlarynda emeli aň bilen işlemek üçin düzgünler; emeli aň toplumyndaky ähli gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlarynyň anyklaşdyrylmagy; hökümete bu ugurda döwlet syýasatyny döretmek babatynda ygtyýarlyklaryň giňeldilmegi bar.

"Snly ösüşi esasy düzgünleşdiriji gurama täze döredilen Emeli aň we sanly ösüş ministrligi bolar" diýip, Smyşlýewa belledi.

Onuň aýtmagyna görä, kiberhowpsuzlyk bilen bagly käbir meseleler milli howpsuzlyk komiteti tarapyndan düzgünleşdiriler.