Türkmenistanyň Prezidenti Rimde Italiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Okt 25, 2025 - 11:50
Türkmenistanyň Prezidenti Rimde Italiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Serjio Mattarella bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabry, Rim, Italiýa (Surat: Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäginde anna güni Rim şäherindäki Kwirinale köşgünde Italiýanyň Prezidenti Serjio Matarella bilen duşuşdy.

Duşuşykda syýasy dialogy pugtalandyrmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Saparyň çäginde Prezident Serdar Berdimuhammedowyň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek "Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy" atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Surat: Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy