Halk döredijiligi - şorta sözler
Halk döredijiligi - şorta sözler

Asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip gelýän türkmen halk döredijiligi, köpdürlüligi, çuň manylygy, dürli öwüşginlere baýlygy bilen dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolýar. Munuň şeýledigini bolsa halk döredijiliginiň giň ýaýran görnüşleriniň biri bolan şorta sözleriň ussady Molla Ependiniň şorta sözleriniň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyndan orun almagy hem tassyklaýar.
Üstünden näçä asyrlar geçenem bolsa Gündogaryň akyldary, çeper söz ussady Molla Ependiniň döredip giden şorta sözleri biziň günlerimizde hem halk arasynda aýdylyp, halkyň ruhuny göterip ýaşap gelýär. Diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem Molla Ependiniň şorta sözleri goňşy özbek, gazak, garagalpak, azerbaýjan halklarynyň arasynda, şonuň ýaly-da türki dilli milletleriň ählisinde diýen ýaly giňden ýaýrandyr.
Şorta sözler halka gülki paýlap, halkyň ruhuny götermek bilen çäklenmän halk arasynda halanylmaýan häsiýetleri ýazgarypdyr. Halky halallyga, mertlige, birsözlülige, sabyr-kanagatly bolmaklyga ündäpdir. Halk arasynda ýazgarylýan ogurlyk, açgözlük, ýalançylyk, gözboýagçylyk ýaly häsiýetleri gysga göwrümli kyssalaryň üsti bilen beýan edipdir. Şonuň üçinem her bir şorta söz käbir adamlar üçin gülküli ýagdaý bolman, kyn ýagdaýlar hem döredipdir. Sebäbi şorta sözde beýan edilýän waka Molla Ependiniň adyna aýdylanam bolsa wakanyň esasy gahrymany gapdalda durup, öz-özüni ýazgarypdyr, bu häsiýetlerden el çekmäge mejbur bolupdyr. Molla Ependiniň adyna aýdylýan şorta sözlerdäki wakalar hakyky durmuşdaky wakalaryň esasynda döredilenlerem, bolup geçmedik ýöne durmuşda bolup biläýjek wakalara salgylanyp döredilenlerem bar. Ähli şorta sözleriň baş gahrymany bolup Molla Ependiniň hut özüniň çykyş etmegi bolsa, onuň bilim derejesiniň, durmuş tejribesiniň baýdygyny, ähli ugurdan baş çykaryp bilýän ussatdygyny görkezýär. Molla Epdendiniň adyna aýdylýan şorta sözleriň birinde şeýle diýilýär:
“Bir adam Molla Ependiden:
-Ependi aga bu aý näçesinden? –diýip sorapdyr. Ependi oýlanybam durman:
-Bilemok, dogrusy men bu günler aý söwdasyny edemok -diýip jogap beripdir.”
Bu şorta sözde Molla Ependi öz ýaşap geçen döwründe aý-günüň hasabyny çykaryp bilmeýän, sowatsyz, şonuň bilen bir wagtda bolsa özüniň bu aýbyny ýaşyrjak bolup synanyşýan, netijede bolsa öz üstünden güldürýän adam bolup çykyş edýär.
Halk arasynda uly hormat, sylag goýlyp “Molla Ependi” diýlip ady tutulýan adamyň aý-günüň hasabyndan bihabar bolmajagy, berlen sowala olar ýaly özüni masgaralaýjy äheňde jogap bermejegi öz-özünden düşnükli zat. Bu ýerde şorta sözüň üsti arkaly diňe durmuşda şolar ýaly adamlaryň hem gabat gelip bilýändigi, şeýle adamlardan görelde almazlyk ündelýär.
Molla Ependiniň şorta sözleri halkyň göwünlerini galkyndyryp, ruhuny beýgeltmek bilen birlikde edep-terbiýe mekdebidir. Şeýle şorta sözleriň döredilmegi, asyrlar boýy ýaşap gelmegi, üsti ýetirilip baýlaşdyrylmagy halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň gadymylygyny, juda baýdygyny görkezýär.