ABŞ-da polisiýa jenaýatçylary yzarlamak üçin emeli aňly dronlary ulanýar

Okt 12, 2025 - 09:31
ABŞ-da polisiýa jenaýatçylary yzarlamak üçin emeli aňly dronlary ulanýar

ABŞ-da polisiýa jenaýata garşy göreşde emeli aň bilen enjamlaşdyrylan iň täze dronlary giňden ulanýar. Bu dronlar diňe bir jenaýatçylary yzarlamak üçin däl, eýsem adatdan daşary ýagdaýlarda-da ulanylýar diýip, Axios portaly hukuk goraýjy edaralara salgylanyp habar berýär.

Axios tarapyndan geçirilen barlaglara görä, ABŞ-nyň  ähli iri şäherlerinde dron ulgamyna eýe bolan hukuk goraýjy edaralar bar.

Maglumata görä, polisiýa dronlary gözegçilik, gözlemek, hadysalary resminamalaşdyrmak we jenaýatlary derňemek üçin ulanýar. Bu bolsa polisiýa edaralaryna hakyky wagt tertibinde howadan düşürilen suratlary we maglumatlary almak mümkinçiligini berýär.

Dronlar hatda neşe serişdeleriniň çäkden (dozadan) artyk ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen burna sepilýän derman serişdelerini hem eltip bilýär. Olar 911 hyzmatyna jaň gelip gowuşandan soň iberilýär we täze görnüşli tiz kömek bölümi hökmünde hereket edýär.

Mysal üçin, Albukerke şäherinde polisiýa ulag ogurluklary bilen bagly jenaýatçylary tutmak üçin dronlary ulanýar.