«Ahal» - «Mohun Bagan» duşuşygy – ilkinji ädim, uly synag

Sen 15, 2025 - 15:35
Sen 15, 2025 - 16:11
«Ahal» - «Mohun Bagan» duşuşygy – ilkinji ädim, uly synag

16.09.2025 senesi «Ahal» üçin täze sahypanyň ilkinji setiri bolar. Şol gün toparymyz Hindistanyň futbol dünýäsi bilen çuňňur baglanyşykly we köpçülikleýin goldawly kluby bolan «Mohun Bagan» bilen myhmançylykda duşuşar.

«Mohun Bagan» – Hindistanyň Super Ligasynyň köp gezek çempiony, baý taryhly we güýçli düzümli bir klub. 1889-njy ýylda döredilen bu topar diňe bir futbol meýdançasynda däl, eýsem tarapdarlaryň göwünlerinde-de beýik orun eýeleýär.

Emma bu duşuşyk diňe bir olaryň güýjüni synap görmek däl...

Bu oýun «Ahal» üçin:

- halkara arenada özüniň güýjüni görkezmegiň,
- AFK-nyň sahnasynda täze sahypa açmagyň,
we daşary ýurtly janköýerleriň öňünde türkmen futbolynyň hakyky keşbini görkezmegiň mümkinçiligidir.

«Ahal» taýyn!

Toparyň tälimçi düzümi soňky birnäçe hepdäniň dowamynda taktik taýýarlyklara, fiziki taýynlyga we garşydaşlaryň oýnuny çuňňur öwrenmäge uly üns berdi. Oýunçylaryň ruhy ýagdaýy ýokary, maksady bolsa ýeke-täk: netije gazanmak!

Ýene-de bir gezek duşuşyk tertibi:

16.09.2025«Mohun Bagan» vs «Ahal»
Myhmançylykda — Hindistan

«Ahal» toparynyň toparçadaky indiki duşuşyklary:

  • 30.09.2025 — «Ahal» vs «Al-Hussein»

  • 21.10.2025 — «Ahal» vs «Sepahan»

  • 04.11.2025 — «Sepahan» vs «Ahal»

  • 25.11.2025 — «Ahal» vs «Mohun Bagan»

  • 23.12.2025 — «Al-Hussein» vs «Ahal»

«Ahal» bu duşuşykda diňe üç utuk üçin däl, eýsem türkmen futbolynyň abraýy üçin göreşer.
16-njy sentýabrda gözler Hindistana gönükdiriler — sahnada täze gahryman çykyp biler!