Bagyr rakyna garşy göreşde garaşylmadyk usul açyldy: meşhur derman täsirli çykdy

Gonkong uniwersitetiniň (HKUMed) alymlary tarapyndan geçirilen we Journal of Hepatology (JHepa) žurnalynda çap edilen ylmy barlag, giňden ulanylýan holesterin peseldiji derman — atorwastatiniň bagyr rakyna garşy garaşylmadyk peýdaly täsirini ýüze çykardy. Barlaglara görä, bu derman bagyr rakynyň ösmegini, aýratyn-da metaboliki bagly bagyr ýaglanma keselli (MASBK) näsaglarynda, ep-esli haýalladyp bilýär.

Sen 15, 2025 - 09:38
Bagyr rakyna garşy göreşde garaşylmadyk usul açyldy: meşhur derman täsirli çykdy

Bu näme üçin möhümdir?

Bagyr raky iň howply we ölümçül onkologiki keselleriň biridir. Ony köplenç giçki tapgyrda kesgitleýärler, bu wagtda operasiýa kömek edip bilenok. Aýratynam, ýokumly maddalaryň nädogry kabul edilmegi we metabolik bozulmalar sebäpli ýüze çykýan bagyr ýaglanmasy bilen baglanyşykly ýagdaýlarda bejeriş gaty kyn bolýar. Adaty bejeriş usullarynyň netijeliligi hem pes.

Barlag nämeleri görkezdi?

Guýrukly haýwanlaryň üstünde geçirilen barlaglar atorwastatiniň mewalonat ýoluny — rak öýjükleriniň ölümden (apoptozdan) gaçmagyna kömek edýän metaboliki mehanizmi — blokirleýändigini görkezdi. Bu ýol bagyr rakynyň iň giň ýaýran görnüşi bolan gepatozellýulýar karsinoma bilen baglanyşykly ýagdaýlarda örän işjeň bolýar.

Bejeriş kombinasiýalary has güýçli täsir edýär

Atorwastatiniň beýleki bejeriş usullary bilen utgaşykda ulanylanda, has ýokary netijelilik görkezýändigi ýüze çykaryldy:

  • Diňe atorwastatin ulanylanda, rak ösen tizligi 33% peseldi.

  • Anti-PD-1 immunoterapiýasy bilen bilelikde ulanylanda — 45% peseldi.

  • Lenwatinib atly rak garşy derman bilen bilelikde ulanylanda — 58% peseldi.

Bu bolsa atorwastatiniň diňe özbaşdak däl, eýsem beýleki bejeriş usullarynyň täsirini güýçlendirmäge hem ukyplydygyny görkezýär.

Gelejek üçin mümkinçilikler

Alymlar bu barlagyň gepatozellýulýar karsinomany bejermekde täze mümkinçilikleri açýandygyny belleýärler. Aýratynam, bagyr ýaglanma keseli bütin dünýäde giň ýaýraýarka, bu tapyndy aýratyn möhümdir.

Eger barlagyň netijeleri adamlar üstünde geçiriljek kliniki synaglarda hem tassyk bolsa, atorwastatin rak bejergisiniň standart bölümi bolup biler.

Atorwastatin näme?

Atorwastatin — ganyň "erbet" holesterin derejesini peseltmek üçin giňden ulanylýan statin dermanlarynyň biridir. Dünýäde millionlarça adam ony gündelik ulanýar. Indi bolsa onuň rak keselinde hem peýdaly täsiri bardygy anyk boldy.

Alymlaryň pikiri

“Bagyr rakynyň ýagly görnüşindäki modellerde atorwastatiniň şeýle güýçli täsir edendigine biz hem haýran galdyk. Bu tapyndy müňlerçe näsaga täze umyt berýär,” — diýip, HKUMed-däki alymlar belleýärler.

Indiki tapgyr — kliniki synaglar

Barlag häzirlikçe diňe laboratoriýa derejesinde alnyp baryldy. Emma alymlar häzirden köp merkezli kliniki synaglara taýýarlyk görýärler. Eger bu synaglar üstünlikli geçse, atorwastatin geljekde bagyr rakynyň bejergisinde giňden ulanylyp bilner.