Alkaras Fritsi ýeňip, Wimbledonyň finalyna çykdy

Ispaniýaly dünýäniň ikinji raketkasy Karlos Alkaras Amerikanyň tennisçisi Teylor Fritzi ýeňip, 2025-nji ýylyň Wimbledon ýaryşynyň finalyna çykdy. Duşuşyk 6:4, 5:7, 6:3, 7:6 (8:6) hasaby bilen tamamlandy.
Bu duşuşyk 2 sagat 51 minut dowam edip, garşydaşlaryň ikisem güýçli oýny bilen tanaldy. Alkaras 13 gezek äýs bilen oýnap, 3 gezek ikileşen ýalňyşlyga ýol berdi we 7 mümkinçiligiň 3-sini breýk etdi.
Fritz bolsa 19 äýs etdi, ýöne 5 gezek ikileşen ýalňyşlyk goýberdi we diňe 2 breýk mümkinçiliginden 1-sini peýdalandy.
Finalda Alkaras italýan Ýannik Sinner bilen duşuşar.
Wimbledon 2025 finaly
Alkaras — Sinner
13-nji iýul London, All England Club