Alymlar pikir okamakda rekord derejede takyklyga ýetdi

Soňky ýyllarda alymlar beýni bilen kompýuteri baglaýan birnäçe çylşyrymly ulgamy işläp düzdüler. Bu tehnologiýalar dürli keseller sebäpli gürläp bilmeýän adamlaryň beýnisindäki hereketleri sese öwürmäge mümkinçilik berdi. Şu wagta çenli diňe käbir sözleri dürs okamak başardylýardy. Indi bolsa, ABŞ-da döredilen täze algoritm arkaly bu görkeziji 54% ýetdi — bu bolsa şu wagta çenli ýetilen iň ýokary netije boldy.

Awg 21, 2025 - 09:40
Alymlar pikir okamakda rekord derejede takyklyga ýetdi
Участникам эксперимента предложили представить, что они произносят целые предложения, используя готовый набор слов. Компьютерная система смогла декодировать внутреннюю речь в режиме реального времени с погрешность от 26 до 54 процентов / © Cell

Birnäçe aý mundan ozal Kaliforniýa uniwersitetiniň Deýwis şäherindäki inženerleri ALS (amiotrofik lateral skleroz) keselinden ejir çekýän, aýdyň gürläp bilmeýän bir näsag üçin ýörite enjam taýýarlady. Bu enjam arkaly näsagyň beýnisiniň hereket üçin jogapkär bölegine elektrodlar ýerleşdirildi. Bu bölümiň söz aýtmak prosesine gatnaşýandygy öň hem bellidir. Enjam bilen işlemek üçin näsag ähli güýjüni jemläp, sözleri mümkin boldugyça aýtjak bolmaly bolupdy. Emma bu ýagdaý näsag üçin gaty kyn we ýadawdy.

Stanford uniwersitetiniň alymlary şol bir elektrod implantasiýa usulyny ulanyp, başga bir ýol bilen gitmegi saýlady. Ilki bilen, dört meýletinçiden sözleri okamak we olary bat bilen aýtjak bolmak soraldy. Soňra bolsa, diňe şol sözleri pikirlerinde aýtmaklaryny islediler. Beýni işjeňligi elektroensefalografiýa arkaly ýazga alyndy. Alymlar görüpdirler, hatda diňe pikirlenip aýdylýan sözlerde-de beýniniň hereket bölümi belli derejede işjeň bolýar.

Uly maglumatlar bilen işleýän emeli aň ulgamy "fonema" diýip atlandyrylýan ses birligine esaslanyp öwredildi. Sistem bu fonemalary hakyky aýdylyp görülen we diňe pikirlenip aýdylan sözler bilen deňeşdirdi. Soňra bolsa, bu fonemalardan doly sözler we sözlemler düzüldi. Bu işde 125 müň sözden ybarat uly sözlük ulanyldy.

Synag gatnaşyjylaryna öňünden taýýarlanan sözlerden durýan sözlemleri pikirlerinde aýtmak tabşyryldy. Netijede, kompýuter ulgamy bu "içki gürlemegi" hakyky wagtyň özünde 26%-den 54%-e çenli takyklyk bilen çözmegi başardy. Bu bolsa häzirki wagta çenli iň ýokary takyklyk derejesi hasaplanýar.

Bu gözlegiň netijeleri Cell atly ylmy žurnalda çap edildi we beýnide ýüze çykýan "içki gürlemegiň" mehanizmlerini has gowy düşünmäge uly goşant boldy. Şol bir wagtda-da, bu tehnologiýanyň kämilleşdirilmegi üçin öňde ýene köp işler garaşýar.