Alymlar Ýere tarap ýakynlaşýan daşary älemdäki jisimden ilkinji signaly tutdular

Noý 9, 2025 - 10:41
Alymlar Ýere tarap ýakynlaşýan daşary älemdäki jisimden ilkinji signaly tutdular

Astronomer’s Telegram neşiriniň habaryna görä, alymlar Ýere tarap ýuwaş-ýuwaşdan ýakynlaşýan 3I/ATLAS atly kosmos jisiminden ilkinji radiosignaly tutmagy başardylar.

Neşirde şeýle diýilýär:

“1665 MHz we 1667 MHz ýygylyk hatarlarynda OH siňdirilmesi (absorbsiýasy) anyklandy.”

Bu signal 24-nji oktýabrda Günorta Afrikada ýerleşýän MeerKAT radioteleskopy arkaly alynypdyr. Mundan ozal şol bir ýygylykdaky signallary tapmak boýunça edilen synanyşyklaryň hemmesi netije bermändi.

Harward uniwersitetiniň alymy Awi Leb belläp geçdi: 2026-njy ýylyň 16-njy martynda, 3I/ATLAS Ýupiteriň ýanyndan geçende, kosmos gämisi “Juno” bu jisimden pes ýygylykdaky signallary tutmaga synanyşar.

Kosmos jismi 3I/ATLAS ilkinji gezek 1-nji iýulda anyklanypdyr. Alymlar soňra onuň beýlekä zolakdan gelen kometa (başga ýyldyz ulgamyndan gelen jisim)dygyny kesgitleýärler. Şeýle-de, onuň takmynan 7,5 milliard ýyllyk ýaşynyň bardygy — ýagny Günden 3 milliard ýyl has köne ekendigi anyklanypdyr. Sentýabr aýynda bolsa 3I/ATLAS-da “adaty bolmadyk üýtgeşme” ýüze çykyp, ol reňkini üýtgetmäge başlapdyr.

Mundan ozal bolsa, kongressmen Tim Berçett žurnalist Taker Karlson bilen söhbetdeşlikde, harbylaryň okeanda uludan we ýokary tizlikli NLO (näbelli uçýan jisim) görendikleri barada hasabatlaryny eşidendigini aýdypdy. Onuň sözlerine görä, bu jisim suw astynda 320 km/sag tizlikde hereket edýär we futbol meýdançasynyň ululygyndaky ölçegde.

Berçet nygtap geçdi: bu syrly jisim harbylaryň gizlin tehnologiýasy bolmagy mümkin däl, sebäbi ABŞ goşun ýolbaşçylary öz uçarlaryny we suwasty gämilerini şeýle derejede töwekgelçilige sezewar etmezdi — şol jisimlere beýle ýakynlaşmazdy.