Turkish Airlines sentýabr 2025 üçin Aşgabat–Stambul ugry boýunça gatnaw tertibini hödürledi
Turkish Airlines awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň sentýabr aýy üçin Aşgabat–Stambul–Aşgabat ugry boýunça täzelenen uçuş tertibini yglan etdi. Täze tertip ýolagçylara isleglerine görä amatly wagtda ýol ugruna çykmaga mümkinçilik berýär.

Stamboldan Aşgabada uçuşlar:
-
TK 324 – her gün, uçar 01:10-da uçýar, Aşgabada 06:55-de gonýar
-
TK 320 – sişenbe, anna we ýekşenbe günleri, uçar 14:20-de uçýar, 20:05-de gonýar
-
TK 322 – her gün, uçar 20:15-de uçýar, ertesi güni 02:00-da Aşgabada gonýar
Aşgabadyň Stambula uçar gatnawlary:
-
TK 323 – her gün, uçar 03:20-de uçýar, Stambula 05:30-da gonýar
-
TK 325 – her gün, uçar 08:15-de uçýar, 10:30-da gonýar
-
TK 321 – sişenbe, anna we ýekşenbe günleri, uçar 21:25-de uçýar, 23:40-da gonýar
Turkish Airlines ýolagçylara ýokary derejeli rahatlygy, hyzmaty we döwrebap uçarlary bilen ajaýyp syýahat tejribesini hödürleýär. Uçuş döwründe ýolagçylar dürli görnüşli kinolardan, sazlardan we beýleki güýmenje mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.
Aşgabatdaky ofis salgysy:
G. Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, "Ussat" binasy
Habarlaşmak üçin:
-
E-poçta: askabatbiletsatis@thy.com
-
Telefon: (+993 61) 01 44 33
-
Web sahypasy: turkishairlines.com