Amerikaly alymlar guawadan alnan birleşmeler esasynda bagyr rakyna garşy täsirli serişdäni işläp düzdüler
ABŞ-nyň alymlary dünýäde iň howply we ir ölüm howpuny döredýän rak keselleriniň biri bolan bagyr rakynyň ösmeginiň öňüni alýan tebigy birleşmeleriň arzan bahaly usulda sintez edilmeginiň ýoluny tapdylar. Bu barada Angewandte Chemie ylmy žurnalynda habar berilýär.

Häzirki zaman lukmançylykda ulanylýan köp sanly derman serişdeleri tebigy maddalaryň esasynda döredilýär. Mysal üçin, tut agaçlarynyň gabygynyň düzüminde bar bolan salisin maddasy adam bedeninde salisil kislotasyna öwrülýär – bu bolsa meşhur aspirin dermanynyň esasynda durýar. Emma tebigy serişdeler bilen köp möçberde derman öndürmek köplenç kynçylyk döredýär.
Şonuň üçin professor Uilýam Çeýniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary, guawanyň düzüminde duş gelýän we rak öýjükleriniň ösüşini haýalladýan tebigy molekulalaryň doly himiki sintezini üpjün edýän täze usuly işläp düzdi.
Alymlar bu birleşmeleri elýeterli we arzan çig maldan köp mukdarda almagyň usulyny – "himiki reseptini" taýýarladylar.
"Indi islendik alym bu usuly gaýtalap biler we belki, has gysga we netijeli ýol hem tapar. Biz ilkinji bolup bu ýoly açdyk," – diýip, işiň awtorlarynyň biri, aspirant Liam O'Greýdi belledi.
Tapyndynyň ähmiýeti
Bagyr we ötdük raklary ABŞ-da ýylda 42 müňden gowrak adamda ýüze çykýar. Şolaryň 30 müňden gowragy kesel sebäpli aradan çykýar. Keseliň giç tapylan ýagdaýlarynda bäş ýyllyk diri galma derejesi 15%-den hem pes bolýar. Bar bolan himioterapiýalar bolsa saglygy goraýyş ulgamy üçin milliardlarça dollara düşýär.
Täze açyş derman serişdeleriniň has elýeterli görnüşlerini döretmäge ýol açýar. Olar diňe bir netijeli bolman, eýsem saglygy goraýyş ulgamyna we näsaglaryň çykdajylaryna-da ýeňillik döredip biler.
Häzirki wagtda alymlar ABŞ-nyň Milli rak instituty bilen hyzmatdaşlykda bu sintez edilen birleşmeleri diňe bir bagyr rakyna däl, eýsem beýleki rak kesellerine garşy ulanylmagynyň mümkinçiliklerini öwrenýärler.