Aý Ýerden öwüsýän şemallar sebäpli «poslaýar»

Sen 24, 2025 - 18:51
Aý Ýerden öwüsýän şemallar sebäpli «poslaýar»

Aýyň ýüzüni pos tutdy, munuň günäkäri-de Ýerden öwüsýän ýeller. Golaýda «Geophysical Research Letters» ylmy žurnalynda çap edilen täze maglumatlara görä, Ýeriň atmosferasyndan çykýan kislorod bölejikleri Aý minerallaryny gematite, ýagny, adatça, pos, zeň diýlip atlandyrylýan minerala öwürmäge ukyplydyr.

Makaonyň Ylym we tehnologiýalar uniwersitetinden planetany öwreniji Szylýan Szin şeýle diýýär: «Bu açyş biziň planetamyz bilen Aýyň arasyndaky ýakyn gatnaşyga düşünmekde täze sahypany açýar».

Köp wagtyň dowamynda Aý we Ýer Gün «şemaly» – biziň ýyldyzymyzyň bölejikleriniň akymy bilen ýuwulýar. Ýöne takmynan her aýda bäş gün Ýer Güne böwet bolup, Aý özüne Ýer şemalyny — öň Ýeriň atmosferasynda bar bolan wodorodyň, kislorodyň, azodyň we beýlekileriň ionlaryny kabul edýär. Olar Aýa düşüp, topragyň ýokary gatlaklaryna aralaşýarlar we himiki täsirleşmeleri döredýärler.

Bu açyş «Çandraýan-1» kosmos enjamynyň Aýa uçuşynda ele salnan maglumatlara aýak direýär, şonda hindi alymlary Aý guşaklyklaryň töwereginde gematitiň (posuň) üstüni açdylar. Ol demire baýdyr we suw bilen kislorodyň täsirleşmegi netijesinde emele gelýär. Emma çyglyk düýbünden ýok diýen ýaly Aý şertlerinde kislorodyň çeşmesi syr bolmagynda galýardy. Indi täze laboratoriýa synaglary onuň Ýer şemaly arkaly Aýa aralaşýandygyny subut etdi diýip, «Rambler.ru» ýazýar.