«Tikenjik bilen Mymyjyk» atly multfilmiň 3-4-nji bölümleri tomaşaçylara ýetiriler
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Tikenjik bilen Mymyjyk» atly multfilmiň 3-4-nji bölümlerini önümçilige goýberdi.
6 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenen bu multserilada Tikenjik atly kirpijik bilen Mymyjyk atly towşanjygyň başdan geçirýän gyzykly wakalary beýan edilýär. Bu multserialyň «Gowy gün» atly seriýasy Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 4 — 7-nji awgustynda Gazagystanda geçirilen Halkara Ülker animasiýa festiwalyna gatnaşdy. Munuň özi türkmen multfilmleriniň halkara derejä çykýandygyna şaýatlyk edýär.
Multserialyň 1-nji we 2-nji bölümleri «Ýaşlyk» teleýaýlymy we «BeletFilm» onlaýn kinoteatrynda halk köpçüligine ýetirilip, uly gyzyklanma bilen iň köp görlen multfilmleriň arasyna girmegi başardy.
2D görnüşinde taýýarlanylýan «Tikenjik bilen Mymyjyk» atly multfilmiň gahrymanlary hemişe wagtlaryny bile geçirýärler. Olar gyzykly oýunlary agzybirlikde oýnaýarlar, ulularyň sözüne gulak asýarlar, biri-birini begendirmegi gowy görýärler, ýalňyşan ýerlerinde bolsa ötünç soramagy-da başarýarlar. Olaryň täsirli başdangeçirmelerine tomaşa etmek hemmeler üçin gyzykly.
Multserialyň 1-nji we 2-nji bölümlerini «BeletFilm» onlaýn kinoteatrynda tomaşa edip bilersiňiz. Şeýle hem 0530 gysga belgisine 871 ýazyp ugratmak arkaly göni internet salgysyny hem alyp bilersiňiz.
