Bitaraplyk syýasaty — dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň mizemez binýady

Iýun 17, 2025 - 15:21
Bitaraplyk syýasaty — dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň mizemez binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň daşary syýasatynda parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu syýasat Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornuny pugtalandyrýar we onuň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň aýratynlygy onuň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna we ynanyşmaga esaslanýan döredijilikli çemeleşmesidir. Bu syýasat täze başlangyçlar, pikirler we dünýä tejribesi bilen baýlaşdyrylýar hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Emma onuň döredijilikli we ynsanperwer häsiýeti üýtgewsiz galýar.

Biziň döwletimiziň alyp barýan Bitaraplyk syýasaty diňe bir milli bähbitleri goramak bilen çäklenmän, eýsem, sebit hem-de ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýändigi bu syýasatyň aýrylmaz bölegidir.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde, 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny görkezmek bolar. Bu merkez häzirki wagtda hem sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.