Astanababa aramgähi

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri dünýä medeniýetiniň we ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan millet hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýadygärlikler hem doly tassyklaýar. Astanababa ýadygärligi hem ýurdumyzyň meşhur taryhy binalarynyň biri bolup, Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň merkezinden 10 kilometr günbatarda, Astanababa şäherçesiniň çäginde ýerleşýär.

Iýun 17, 2025 - 16:53
Astanababa aramgähi

Ýadygärlikde dürli döwürlerde birnäçe gezek dikeldiş we rejeleýiş işleri geçirilipdir. Rejeleýiş işlerinde ýadygärligiň diňe ýykylan, ýumrulan ýerleri dikeldilipdir. Içgin syn edeniňde, bu ýadygärligiň dört sany esasy gümmezinde XII–XIII asyrlaryň arhitekturasynyň yzlaryny görmek bolýar. Şol gümmezlere barýan dokuz sany kiçi gümmezli dälizde bolsa, XVI–XVII asyrlaryň arhitekturasynyň yzlary görünýär. Diýmek, ýadygärligiň dälizler toplumy soňraky döwürde gurlupdyr.

Halk arasynda ýaýran rowaýatlardaky gürrüňe görä, Balh welaýatynyň hökümdary Ibn Aly Nur oglynyň ýeketäk gyzy bolupdyr. Ony Zemmäniň häkimine durmuşa çykarýarlar. Emma köp wagt geçmänkä, gyz biwagt aradan çykýar. Bu habary eşidip, biçak gussa batan Ibn Aly Nur ogly ony jaýlamak üçin ýakynlary bilen Kerä gelýär. Gyzynyň hormatyna onuň mazarynyň üstünde owadan gümmez galdyrmak üçin dürli ýerlerden ussalary çagyrýar. Ussalar işe girişip, gümmezi galdyryp başlaýarlar welin, ol öz-özünden ýykylyp duruberýär.

Bu ýagdaýdan örän gynanan Ibn Aly Nur ogly bir gije düýş görýär. Düýşünde onuň ýanyna ak sakgally goja gelip, gurulýan gümmeziň laýyny we suwuny taýýarlanda, oňa Mekge–Medineden getirilen suwy hem-de gumy goşmagy maslahat berýär. Ertesi Ibn Aly Nur ogly düýşindäki tabşyrygy berjaý etmek üçin Mekge–Medine kerwen ýollaýar. Kerwen dolanyp gelende, onuň getiren suwuny gümmeziň gurluşygy üçin peýdalanylýan guýa guýdurýar. Keramatly ýerden getirilen topragy-da kerpiç örmek üçin taýýarlanylýan palçyga garyýar. Şeýdip taýýarlanan palçyk bilen gümmez galdyrylýar welin, ol mizemän durýar. Şeýlelikde, XII asyrda bu ýadygärligiň ilkinji gümmezi bina edilipdir.

Ibn Aly Nur ogly dünýäsi täzelände, ony hem gyzynyň ýanynda jaýlapdyrlar. Bulardan başga-da, bu kümmetde dördünji halyp Hezreti Alynyň neberelerinden bolan Zeýt Alynyň we Zubeýd Alynyň mazarlary ýerleşýär. Hut şonuň üçinem Astanababa ýadygärligi mukaddes, keramatly ýer hasaplanýar.

Astanababa ýadygärligi birnäçe bölümden: açyk dälizden, howlujykdan, peştagdan, ýapyk dälizden, dört sany zaldan, metjitden, Zeýt Alynyň we Zubeýd Alynyň guburhanasyndan, diwanhanadan, şeýle hem Gyzlarbibi mawzoleýi (Zeýt Alynyň we Zubeýd Alynyň maşgalalarynyň jaýlanan ýeri) bilen birleşdirýän inçejik dälizden ybarat. Ansamblyň iň gadymy bölegi metjitdir. Diwanhana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr. Gyzlarbibi mawzoleýi ansamblyň has giçki döwrüne degişli bolup, dürli ölçegdäki kerpiçlerden bina edilipdir.

Häzirki döwürde bu kümmete dürli ýerlerden zyýaratçylar gelýär. "Astana" diýen söz gadymy pars sözi bolup, "mukaddes bosaga", "keramatly ýer" diýen manylary berýär. Astanababa ýadygärligi döwlet tarapyndan goralýar we wagtal-wagtal rejeleýiş-dikeldiş işleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan bu ýerde birnäçe gezek rejeleýiş işleri alnyp baryldy. Dikeldiş işleri üçin ýerli ussalaryň kömegi bilen bu ýerde ýadygärligiň kerpiçlerine kybapdaş bolan kerpiçler guýlup, olar ýörite humdanlarda bişirildi. Häzirki wagtda bu ýadygärlige Kerki şäherinde döredilen "Kerki" taryhy-medeni döwlet goraghanasy hossarlyk edýär.