Bütin dünýä boýunça bir sagadyň içinde ýük eltmek: Arc atly täze kosmos enjamy tanyşdyryldy

ABŞ-nyň Inversion atly täze döredilen kosmos kompaniýasy dünýäniň islendik ýerine bir sagadyň içinde ýük eltmäge ukyply bolan täze “Arc” atly kosmos enjamynyň taslamasyny tanyşdyrdy.

Okt 2, 2025 - 17:07
Okt 2, 2025 - 17:16
Bütin dünýä boýunça bir sagadyň içinde ýük eltmek: Arc atly täze kosmos enjamy tanyşdyryldy
Космический аппарат Arc / © Inversion

Los Anjelesde geçirilen tanyşdyryş dabarasynda kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş direktory Jastin Fiaşetti Arc enjamynyň Ýeriň orbitasynda bäş ýyl çenli garaşyp, islendik wagtda ýer ýüzüne düşüp, 225 kilogram çenli ýüküň tiz wagtda eltilmegini üpjün etjekdigini aýtdy. Ilki bilen ABŞ harby güýçleriniň zerurlyklary üçin niýetlenýär.

Inversion kompaniýasy 2021-nji ýylda Jastin Fiaşetti we Ostin Briggs tarapyndan esaslandyryldy. Olar şol wagt Bostonyň uniwersitetiniň talybydy. Fiaşetti öň SpaceX we Relativity Space kompaniýalarynda raketa hereketlendiriji ulgamlary boýunça tejribe geçipdi. Üç ýylyň içinde 25 adamdan ybarat topar Ray atly ilkinji synag enjamyny döretdi. Bu enjam şu ýylyň ýanwar aýynda SpaceX-iň Transporter-12 missiýasy bilen kosmosa çykaryldy.

Ray enjamynyň agramy 90 kilograma golaý bolup, ol kosmosda kompaniýanyň subsystemalaryny barlamak üçin niýetlenipdi. Iki komponentli raketa hereketlendiriji bilen orbita hereketlerini üstünlikli ýerine ýetirip, häzirki wagtda hem energiýa taýdan işjeň ýagdaýda galýar we ýer bilen aragatnaşyk saklaýar. Şeýle-de bolsa, onuň dolandyrylan düşüşi meýilleşdirilmeýär.

Şeýle hem, bu üstünlikli synag Inversion kompaniýasyna has uly Arc enjamyny taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Arc enjamynyň ululygy uly stoluňky ýaly: 1,2 metr ini, 2,5 metr beýikligi bar. Ilkinji uçurylyş 2026-njy ýylyň soňlaryna meýilleşdirilýär.