Ilon Mask 500 milliard dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask taryhda ilkinji gezek baýlygy 500 milliard dollardan geçen adam boldy. Bu onuň kompaniýalarynyň — aýratyn-da Tesla-nyň — paýnamalarynyň şu ýyl çalt gymmatlanlygynyň netijesi boldy.

Okt 2, 2025 - 17:28
Ilon Mask 500 milliard dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy

Forbes baýlar indeksiniň habaryna görä, 1-nji oktýabr agşam Maskyň baýlygy gysga wagtlaýyn 500,1 milliard dollara ýetip, soňra birneme pese düşüp, 499 milliard dollardan biraz ýokary derejede saklandy. Tesla bilen birlikde onuň beýleki taslamalarynyň — SpaceX we emeli aň ugrundaky xAI atly başlangyjynyň hem bahasy soňky aýlarda ýokarlandy.

Bu üstünlik Maskyň dünýäniň iň baý adamy hökmünde ornuny has-da pugtalandyrýar we beýleki tehnologiýa magnatlaryny yzda galdyrýar.

Forbes-yň maglumatyna görä, dünýäniň ikinji iň baý adamy Oracle kompaniýasynyň esaslandyryjysy Lerri Ellison bolup, onuň baýlygy 350,7 milliard dollar bilen bahalandyrylýar. Geçen aý Oracle-nyň paýnamalarynyň 40%-den gowrak ýokarlanmagy netijesinde Ellison gysga wagtlyk Maskdan öňe geçipdi.

Ilon Maskyň ägirt uly baýlygy esasan onuň Tesla kompaniýasynyň paýnamalarynyň 12%-den gowragyna eýe bolmagy bilen baglanyşykly.