BYD aprel aýynda Teslanyň çärýeklik görkezijisinden ýokary netijä ýetdi

Hytaýyň öňdebaryjy awtoulag öndürijisi BYD kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda jemi 1,38 million awtoulag satandygyny habar berdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46,98% ýokarydyr. Diňe aprel aýynda bolsa, kompaniýa 380 100 awtoulag satyp, bir ýylyň dowamynda bu aýda 21,33% ösüş gazandy.
9-njy aprelde BYD-nyň täze “Han L” we “Tang L” modelleri satuwa çykaryldy. BYD-nyň “Dynasty” atly onlaýn satuw bölümçesiniň ýolbaşçysy Lu Týan diňe ilkinji aýda 10 483 sany “Han L” we 11 406 sany “Tang L” modeliniň satylandygyny aýtdy. Bu iki model gysga wagtyň içinde kompaniýanyň iň köp satylýan ulaglarynyň hataryna girmegi başardy.
Täze modelleriň ýokary islege eýe bolmagy, olaryň häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, energiýa tygşytlaýjylygy hem-de amatly bahasy bilen düşündirilýär. Bu ulaglaryň bahasy $28 700-den başlaýar.
Degişli maglumat hökmünde Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 336 681 awtoulagy müşderilere ýetiripdir. Bu bolsa geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 13% pesdir.