Çärjew etrabynda biousullaryň ulanylmagy hasyllylygy artdyrýar

Şu günler welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk ekinlerini agrotehniki kadalara laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suwarmak we beýleki ideg işleri bilen birlikde biousullar arkaly zyýankeşlerden goramak işi hem üstünlikli alnyp barylýar. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, olary zyýan berijilerden goramakda ösümlikleri goramak gullugynyň Çärjew etrap bölüminiň hünärmenleri tutanýerli zähmet çekýärler.
Bu ugurdaky biologiki usullaryň peýdasy we netijeliligi barada biz bölümiň baş hünärmeni Alymbaý Hojamkulow bilen söhbetdeş bolduk. Ol şeýle diýdi:
— Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly biokärhanalaryň işini has-da netijeli guramak ugrunda işleýäris. Biziň etrabymyzda hereket edýän biokärhanalar öz işlerini ýörite meýilnama esasynda alyp barýarlar. Olar zerur serişdeler we enjamlar bilen üpjün edilýär, hünärmenleriň öňünde kesgitli wezipeler goýulýar.
Häzirki wagtda biousullaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen azyklyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek işleri täze derejelere çykarylýar. Biologiki usullar ulanylanda topragyň düzümine we adamlaryň saglygyna zyýan ýetmeýär. Şeýlelikde, bu usullar ekologiýa taýdan arassa, sagdyn önümleriň öndürilmegine hem-de bol hasylyň almagyna şert döredýär.
— Etrap boýunça häzirki wagtda 21 sany biokärhana hereket edýär. Olar her bir daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Mysal üçin, Jumaguly Hekimow adyndaky we “Watan” daýhan birleşikleriniň hersinde 2 sany biokärhana bar. Bu ýerlerde ösümlikleriň keselleriniň we zyýankeşleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar.
Bu biokärhanalarda gowaça, bugdaý, şaly, şeýle hem gök we bakja ekinleriniň zyýankeşlerine garşy gabrobrakon, altyngözlüje, trihogramma ýaly peýdaly entomofaglar ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň peýdasy ekinlere zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşmekde örän uludyr. Geçen ýyllaryň tejribesi bu usullaryň netijeliligini we amatlylygyny subut etdi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda önüm öndürijiler şeýle peýdaly entomofaglary has köp isleg bilen edinýärler. Bu serişdeler olaryň özüne ýeňillikli bahalardan satylýar.
— Entomofaglaryň ulanylyşy barada gürrüň beräýiň?
— Gowaça ekilen meýdanlaryň her gektaryna gabrobrakondan 1000 sany, altyngözlüjeden 300 sany goýberilýär. Trihogramma bolsa üç tapgyrda ulanylýar. Ilki bilen 1 gram, soňy bilen 2 grama çenli ýetirilip goýberilýär. Şeýlelikde, gowaça üçin niýetlenen 1000 gektar meýdana trihogrammanyň 1 kilogramy ýeterlik bolýar. Bu çäreler gowaça sowkasy, meýdan ýasmygy, bugdaý ýasmygy, garadiriň, trips (bugdaý biti), ak ganatlyjalar, şirejeler ýaly zyýankeşleriň garşysyna göreşde örän täsirli netijeleri berýär.
Gabrobrakon, altyngözlüje, trihogramma ýaly peýdaly entomofaglaryň iýun — awgust aýlarynda ulanylmagy gowaçanyň sagdyn ösmegine we bol hasyl bermegine oňyn täsir edýär. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagynda daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen birlikde, zyýankeşlere garşy göreşiň dogry guralmagynyň hem möhüm ähmiýeti bardyr.