Ýaş nesil — Watanyň daýanjy we geljegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Eziz Watanymyzyň geljegi hökmünde ýaş nesle bildirilýän uly ynam we goýulýan bil baglama ýaşlar hakyndaky aladanyň döwlet derejesinde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzy ýaş nesillere aýratyn bil baglaýarys» diýen ajaýyp sözleri ýaşlaryň ykbalynyň ýurdumyzyň nurana geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlar baradaky işleriň has-da kämilleşdirilmegi we giň gerime eýe bolmagy bolsa, bu syýasatyň tutuş jemgyýet üçin strategik ähmiýetiniň bardygyny ýüze çykarýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan başlangyçlary ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegini, giň dünýägaraýyşly, ýokary tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, ahlak taýdan kämil, ylymly-bilimli şahsyýetler bolup ýetişmegini maksat edinýär. Ýakyn günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde guraljak Ýaşlar forumy hem ýaşlara döwlet derejesinde edilýän aladanyň dünýä möçberindäki ähmiýetini görkezýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanyň 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni ösüşlere işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu resminamalaryň her bir maddasynda ýaşlara döwlet derejesindäki goldawyň berk binýady beýan edilýär.
Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, belent ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri, dünýä tejribesine açyk bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Şu babatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Maral Haýytjanowa şeýle belleýär:
“Bilim ulgamyndaky innowasiýalaryň, täzeçil ugurlaryň giňden ornaşdyrylmagy biziň ýaly ýaşlara diňe bir bilim taýdan däl, eýsem durmuşda hem başarnykly, ösen şahsyýetler bolup ýetişmegimize mümkinçilik döredýär. Okuw mekdebimiziň döwrebap enjamlaşdyrylan kabinetleri, kitaphanasy, döredijilik we ylmy guramalary biz talyplar üçin ýokary şertleri üpjün edýär.”
Innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bilim portallary, täze usulyýetler, sanly platformalar arkaly ýaşlara dünýä derejesindäki maglumatlar elýeterli edilýär. Türkmenabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan täze ýokary okuw mekdebiniň döwrebap binalar toplumy hem ýaş nesliň häzirki zaman talaplaryna laýyk bilim almagyna giň ýol açýar.
Ýurdumyzda ýaşlara edilýän aladalar biziň her birimiziň ýüregimiziň töründe guwanç döredýär. Bu mümkinçiliklere mynasyp jogap bermek bolsa — ýurdumyzyň bagtyýar geljegi üçin yhlas bilen okamak, işlemäge taýýar bolmak, şahsy ösüşimizi döwlet ösüşi bilen sazlaşdyrmak bilen ölçenilýär.
